Dün­ýä­de guş­la­ryň 11 müň­den gow­rak gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Guş­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi ösüm­li­giň dä­ne­si, gur­çuk­dyr mör-mö­jek bi­len iý­mit­len­ýän bol­sa, kä­bi­ri ba­lyk­dyr et bi­len oň­ňut ed­ýär. Bu­la­ryň ara­syn­da süňk iý­ýän sakgally ga­ra­guş tä­sin iý­mit­le­niş aý­ra­tyn­ly­gy bi­len köp­leri haý­ran gal­dyr­ýar.
Yl­my ady «Gy­pae­tus bar­ba­tus» bo­lan sakgally ga­ra­guş ýyr­ty­jy guş­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, Ýew­ro­pa­nyň, Af­ri­ka­nyň we Azi­ýa­nyň dag­lyk se­bit­le­rin­de duş gel­ýär. Ga­ram­tyl ga­nat­ly bu gu­şuň göw­re­si we kel­le­si as­lyn­da ak reňk­de bol­ýar. Gö­zü­niň aşa­gyn­da sak­gal ýa­ly uzyn ga­ra tüý ör­tü­gi bo­lan ýyr­ty­jy guş, köp­lenç, ýa­ta su­wa ba­ryp ýu­wun­ýar we pal­çy­gy ýe­lek­le­ri­ne çal­ýar. Şol se­bäp­li sakgally ga­ra­guş gyz­gylt reňk­de gö­rün­ýär.
Sakgally ga­ra­guş, esa­san, süňk bi­len iý­mit­len­ýär. Bu guş­lar süňk­le­ri çüň­ki bi­len gö­te­rip, ýo­ka­ry be­ýik­lik­den aşak taş­la­ýar­lar. Süňk da­şyň üs­tü­ne dü­şüp, kül-ow­ram bol­ýar. Soň­ra bu guş aşak go­nup, süň­küň için­dä­ki ýi­li­gi we ow­nuk süňk­le­ri iý­ýär.
Köp­lenç ýe­ke­lik­de duş gel­ýän sakgally ga­ra­guşlar öz çä­gi­ni ýyr­ty­jy guş­lar­dan we jan­dar­lar­dan berk go­ra­ýar­lar. Bu guş­lar gü­nüň esa­sy bö­le­gi­ni ýo­ka­ry be­lent­lik­de uçup ge­çir­ýär­ler. Sakgally guş­lar kä­wagt ta­ýak ýa-da aga­jyň ki­çi­räk bö­le­gi­ni ýo­ka­ry äki­dip, aşak taş­lap, ýe­ne-de ho­wa­da tu­tup oý­na­ýar­lar.
Gu­şuň in­siz­den uzyn ga­nat­la­ry ho­wada çalt ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi­ne we uç­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Uzyn guý­ruk­ly bu guş­lar sy­ky­ly­ga ça­lym­daş ses çy­kar­ýar­lar. Göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 105-125 san­ti­met­re, ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 72-93 san­ti­met­re, ag­ra­my 5-7 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýän sakgally ga­ra­guş ga­ýa­la­ryň ýü­zün­de, gür şa­ha­ly ar­ça agaç­la­ry­nyň üs­tün­de we bar­ma­sy kyn ýer­ler­de hö­würt­ge­le­ýär. Süňk­çi guş­lar de­kabr aýyn­da ýu­murt­ga go­ýup, ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da jüý­je­le­ýär. Sakgally ga­ra­gu­şuň jüý­je­si iýun aýyn­da öz­baş­dak uçup baş­la­ýar.
Ýurdumyzyň daglyk sebitlerinde seýrek ýagdaýda duş gelýän süňkçi guşlar Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­ldi. 30 ýyl­dan gow­rak ýa­şa­ýan sakgally ga­ra­guş Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar­la­ryň sa­na­wyn­da gör­ke­zil­ýär.