Russiýanyň Kitap palatasynyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymy boýunça beren resmi statistikasyna görä, ýurduň iň köp tiraž bilen çap edilýän ýazyjylarynyň sanawynda geçen ýyldaky ýaly Anna Jeýn (Anna Potapkina) hem-de Fýodor Dostoýewskiý öňdäki orunlary eýeleýärler. Resmi hasaba alnan kitap sanyna esaslanýan bu sanawda üçünji orny Stiwen King eýeledi.

Edebiýat tankytçylary birnäçe ýyldan bäri Anna Jeýniň fenomenini öwrenmäge çalyşýarlar. Anna Jeýniň galamyndan “Meniň ideal tüweleýim”, “Garyň ak uçgunlary”, “Aýdym-saz jadygöýlügi” ýaly 50-den gowrak kitap çykdy. Ýazyjynyň kitaplarynyň näme üçin beýle meşhurdygynyň esasy sebäbi, belki-de, ýetginjekleriň öz başdan geçirýän gyzgyn duýgularyny we söýgüsini häzirki wagtda nusgawy eserlerden tapyp bilmeýändigi bilen baglydyr. Çagalar edebiýatynyň awtorlarynyň arasynda tiraž boýunça terapewtik ertekiçi Ýelena Ulýewa, häzirki zaman şahyry Andreý Usaçow we ähli döwürleriň nusgawy şahyr Korneý Çukowskiý öňdeligi eýeleýärler.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda çap edilen neşirleriň (kitaplar we broşýuralar) jemi tiražy 150,8 million nusga ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 172,5 million nusgady.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda dünýä halklarynyň 97 dilinden, şol sanda RF halklarynyň 52 dilinden terjime edilen neşirler hasaba alyndy. Bu ugurda iňlis dilinden terjime edilen kitaplar öňdeligi saklaýar – birinji ýarym ýylda bu dilden rus diline 4355 sany kitap çykaryldy. Ondan soňky orunlarda fransuz dili (714 neşir), nemes dili (601) we ýapon dili (421) ýerleşýär.