Belgiýanyň Sint-Gillis-Dendermonde şäherçesinde abatlaýyş işlerini geçirýän gurluşykçylar köne jaýyň diwaryndan bahasy 9 million ýewro barabar bolan altyn tapdylar. Häzirki wagtda bu wakanyň jikme-jikleri we kanuny taraplary öwrenilýär. Prokuratura tarapyndan derňew işleri başlanylyp, gymmatlyklar howpsuz ýere geçirildi hem-de olaryň jenaýatçylykly gelip çykyşy baradaky çaklamalar barlanylýar.

Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, bu ýagdaý hazynanyň taryhy eýesiniň nesilleri, gurluşyk firmasy hem-de sosial guramanyň arasynda çylşyrymly raýat dawasyna öwrülip biler. Häzirki wagtda mirasdüşerlere öz hukuklaryny talap etmek üçin bäş ýyl möhlet berilýär. Eger hiç kim ýüze çykmasa, serişdeler ony tapanlar bilen jaýyň eýesiniň arasynda paýlaşylar, şeýle-de işçileriň sylag puluna eýe bolmagyna garaşylýar.