21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy, ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda uly üstünlikler gazanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş, anyklaýyş-bejeriş derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli aňyň mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak dürli bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi. Anyklaýyş bölüminde birnäçe ugurlar bolup, olar funksional hem-de şöhle bilen anyklaýyş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde endoskopiýa barlaglaryny geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz bejeriş bölüminiň özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş otaglary bolup, olar häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk çözgüdi dessin kabul etmäge şert döredýär.
Operasiýa bölüminde gurnalan monitorda ähli bölümler bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly beýleki degişli bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň döredilendigini belläp, onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we ýokary hilli almaga mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly geçirmekde ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Merkeziň operasiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler döredilipdir. Onda aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn bejergi alýan çagalar üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir. Otaglaryň arassalygy, olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalar üçin ähli amatlyklaryň elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, çagalara niýetlenen oýun meýdançasy bolup, ol ýerde körpeleriň dürli oýunlary oýnap bilmekleri babatda degişli şertler bar.
PDF








