Köneürgenç etrap bilim bölüminiň, jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahaty ýokary guramaçylykly geçirildi. Köneürgenç etrabynyň 61-nji orta mekdebinde geçirilen maslahata etrap bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri,  çagalar baglarynyň, umymy orta bilim berýän mekdepleriň müdirleri, mekdep müdiriniň terbiýeçilik we okuw işleri baradaky orunbasarlary, göreldeli mugallymlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Etrap bilim bölüminiň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, halypa mugallymlar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda geçen 2025-2026-njy okuw ýylynda bilim ojaklarynda edilen işler barada aýratyn belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Ýaş nesillere berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, her bir geçilýän sapaklary täsirli, mazmunly okatmak barada hem aýratyn belläp geçdiler. 2026-2027-nji okuw ýylynda bilim ulgamynyň işgärleriniň  öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, bu boýunça degişli görkezmeler berildi. Maslahatyň dowamynda göreldeli mugallymlara, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryna Ylym bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Maslahatyň dowamynda ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, ylym-bilimden ýüki ýetik ýaşlar bolup ýetişmekligi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

Hudaýnazar  DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň Ylym bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.