Polşanyň Gryfino şäherinden, takmynan, 40 kilometr uzaklykda ösýän egri agaçlar iň täsin tebigy hadysalaryň biri hasaplanýar. «Egri tokaý» (Krzywy Las) ady bilen tanalýan bu ýerde 400 düýp sosna agajy ösýär. 1930-njy ýyllarda ekilen bu agaçlaryň ýerden ýokary galýan böleginde 90 graduslyk egrilik bar.
Ilkibaşda fantastik filmlerdäki ýaly görünýän egri tokaýyň içine girip gezelenç edeniňde, agaçlaryň gaýtalanmajak täsinlikdigine göz ýetirýärsiň. Ýerden çykan badyna egrelip, 1-3 metrlik aýlawy emele getirýän bu agaçlar ýene-de dik ýokarlygyna göni ösýär. Egri tarapy demirgazyga tarap seredýän gyşyk agaçlar adaty sosna tokaýlygynyň ortarasynda ýerleşýär.
Nädip emele gelipdir?
Köpler agaçlaryň egriligini adamlar tarapyndan ekilendigi bilen baglanyşdyrýan bolsalar, kimler munuň tebigy ýagdaýda emele gelendigini belleýärler. Tebigaty öwrenijileriň bellemegine görä, agaçlaryň adaty bolmadyk görnüşi tebigy mutasiýa bilen bagly däl. Esasy seljermelerde sosna agaçlarynyň 1930-njy ýyllarda daýhanlar tarapyndan mebel we gaýyk ýasamak üçin emeli ýagdaýda egri görnüşe getirilendigi bellenilýär. Şol ýyllardaky meýilnama görä, ýaş nahallaryň göwdesi mehanik gurallar bilen egilip, ýörite dizaýn işleri (gaýyk, oba hojalyk guraly, öý esbaby) üçin çig mal hökmünde ulanylmalydy. Ýöne Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen bu ýer terk edilýär we egri agaçlar ýatdan çykarylýar.
Alymlaryň başga bir topary agaçlaryň adamlar tarapyndan egri görnüşe getirilendigini ýeke-täk delil hasaplamaýarlar. Beýleki çaklamalara görä, garyň uzak wagtlap syrgynlap (güýçli ýel bilen ýagýan gar) ýagmagy bilen ýaş sosna nahallary ezilip, soňra ýene-de ýokary ösmegi arkaly şeýle görnüş emele gelipdir. Başga bir çaklamada bolsa bu sebitdäki grawitasiýa güýjüniň (jisimleriň bir-birini çekiş güýji) muňa sebäp bolandygy öňe sürülýär.
Bir asyra golaý wagt geçendigine garamazdan, Polşadaky egri tokaýyň nädip emele gelendigi syr bolmagynda galýar. Sebäbi birnäçe barlagyň geçirilendigine garamazdan, häzire çenli anyk subutnama tapylmady. Bu agaçlaryň bir asyra golaý wagtdan bäri egri görnüşde sagdyn ösmegi tebigatyň özboluşly uýgunlaşma güýji hasaplanýar. Ählisi bir tarapa egrelip duran ýarym Aý görnüşli agaçlar köpleri haýran galdyrmagyny dowam edýär.
PDF








