22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.
Ir bilen lukman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binalar toplumynyň daşky görnüşini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, bu ýerde gök zolaklary döretmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar hem gatnaşdylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Halkara ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.
Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş we onkologiýa boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolsa saglygy goraýyş, aýratyn-da, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen baglydyr. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn nygtadylar. Umuman, merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere doly laýyk gelýär.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gematologiýa, umumy şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, dermatologiýa ylmy-kliniki, çagalar üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary, ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirjek bu merkezde halkara ölçeglere laýyk gelýän ýöriteleşdirilen lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.
Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi. “Merkezde işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, onuň işine ýaş lukmanlaryň çekilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda, örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Sanly tehnologiýalar, dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar
Merkeziň ähli bölümlerine sanly tehnologiýalar, dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu ýerde milli lukmançylyk ulgamynda netijeli ulanylýan döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar gorunyň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, oňa ýaşlary işjeň çekmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikde iş alyp barmagy wajypdyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilmelidir. Munuň özi lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmeklerine şert döreder.
Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Merkeziň çäklerinde radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar. Munuň özi bu ýerde onkologiýa kesellerini bejeriş ulgamynyň möhüm şertleriniň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini şertlendirer.
Merkezdäki enjamlaryň köpüsi ilkinji gezek ornaşdyrylýar
Soňra lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Merkeziň anyklaýyş, bejeriş, operasiýa, şöhle bilen bejeriş bölümleri, barlaghanalary we beýleki otaglary häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Germaniýaly lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz ähli bölümlerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internetiň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz merkeziň bölümlerinde arassaçylygyň we kadaly howa çalşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş babatda baý tejribe toplan germaniýaly lukmanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Adamlar öýünde oturan ýerinden gerek bolan maglumatlary alyp biler ýaly mümkinçilikler döredilmelidir. Mundan başga-da, näsaglaryň yzyndan geljekler üçin olaryň saglyk ýagdaýy baradaky we beýleki ugurlar boýunça maglumatlar elýeterli bolmalydyr. Bu bolsa keselleri anyklamak, bejermek işlerinde bolşy ýaly, lukmançylyk hyzmatlary, merkeziň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly ähli maglumatlaryň sanly ulgam arkaly alnyp barylmagynda ähmiýetlidir.
Saglyk şäherçesini gurmak meýilleşdirilýär
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň daşyna çykyp, merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz bu künjekde häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly şäherçe döredildi. Lukman Arkadagymyz bu ýerde hem häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän saglyk şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň teklibi makullan halatynda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
PDF








