Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hünärmenlerinden düzülen ýurdumyzyň wekiliýeti 17 – 27-nji awgust aralygynda ABŞ-da bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Kent döwlet uniwersitetinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademik gatnaşyklary giňeltmek, bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşdylar.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde HYYÖU-niň wekilleri ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn diplom maksatnamalary, okuw maksatnamalarynyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynda hil üpjünçiligi, akkreditasiýa, täze akademik maksatnamalary işläp taýýarlamak we häzirki zaman okatmagyň usullary boýunça pikir alyşdylar.
Saparyň möhüm ugurlarynyň biri bilimiň ýokary hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlandy. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrendiler. Saparyň dowamynda halkara derejede talyplary kabul etmek we olara goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistr maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alşyldy. Wekiliýet topary uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Şeýle hem HYYÖU-niň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň umumyýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna aýlanyp görmek arkaly ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň akademik we talyp durmuşynyň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky dürli ugurdaky gatnaşyklar, medeni we jemgyýetçilik çäreleri özara düşünişmege hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.
Çeşme: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
PDF








