Kryžownik ýa-da Ýewropa kryžownigi diýlip atlandyrylýan smorodina meňzeş miwe Ýewropada, Afrikanyň demirgazyk-günbatarynda we Aziýanyň günorta-günbatarynda ösýär. Ylmy dilde «Grossularia» diýilýän bu miwe ösümlikleriň «ribes» (smorodina) urugyna degişlidir. Miwäniň ady nemes dilindäki «krus» (bükülýän, gyrymsy) we fransuz dilindäki «krusgrossularia» (kiçi smorodina) sözleriniň birleşmeginden emele gelipdir.
Miwe adatça bişmedik wagty ýaşyl, ýetişenden soň bolsa, gyzyl, gyrmyzy, sary we ak reňklidir. Hoşboý ysly bu miwäniň tagamy dürli-dürli bolýar. Ýumurtga şekilli miwäniň sary we gyzyl görnüşi süýjümtik bolup, beýleki görnüşleri turşumtyk tagamlydyr. Kiçijik garpyza meňzeýän miwäniň gabygyndan içindäki ak sapajyklary we çigidi görnüp durýar. Kryžownik köplenç desertlere we miwe içgilerine goşulýar.
Kryžownik boýy 1,5 metre çenli ýetýän gyrymsy agaçda bitýär. Şahalary tikenli bu agajyň jaňjagaz şekilli gülleri we owadan ýapragy bar. Kryžownik ýylyň dowamynda birnäçe gezek hasyl berýär. Gyrymsy agajyň ilkinji hasyly mart aýynda, ikinji hasyly iýun-iýul aýlarynda, soňky hasyly sentýabr-oktýabr aýlarynda ýygnalýar. Sowuga çydamly bu agaç dag eteklerinde 1500 metre çenli belentliklerde ösýär.
Kryžownik XIX asyrda medeni şertlerde ösdürilip ýetişdirilip başlanýar. Miwäni ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan iň esasy ýurt Angliýa bolup, iňlisler dürli keselleri bejermekde kryžownikden peýdalanýarlar. C witamininiň çeşmesi bolan bu miwe aşgazan-içege we ýürek-damar ulgamy üçin örän peýdaly hasaplanýar. Miwäniň esasy bölegi Angliýada, galyberse-de Germaniýada, Fransiýada, Niderlandlarda we Amerikada ösdürilip ýetişdirilýär.
PDF








