Kry­žow­nik ýa-da Ýew­ro­pa kry­žow­ni­gi diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan smo­ro­di­na meň­zeş mi­we Ýew­ro­pa­da, Af­ri­ka­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da we Azi­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ös­ýär. Yl­my dil­de «Gros­su­la­ria» di­ýil­ýän bu mi­we ösüm­lik­le­riň «ri­bes» (smo­ro­di­na) uru­gy­na de­giş­li­dir. Mi­wä­niň ady ne­mes di­lin­dä­ki «krus» (bü­kül­ýän, gy­rym­sy) we fran­suz di­lin­dä­ki «krusg­ros­su­la­ria» (ki­çi smo­ro­di­na) söz­le­ri­niň bir­leş­me­gin­den eme­le ge­lip­dir.
Mi­we adat­ça biş­me­dik wag­ty ýa­şyl, ýe­ti­şen­den soň bol­sa, gy­zyl, gyr­my­zy, sa­ry we ak reňk­li­dir. Hoş­boý ys­ly bu mi­wä­niň ta­ga­my dür­li-dür­li bol­ýar. Ýu­murt­ga şe­kil­li mi­wä­niň sa­ry we gy­zyl gör­nü­şi süý­jüm­tik bo­lup, beý­le­ki gör­nüş­le­ri tur­şum­tyk ta­gamly­dyr. Ki­çi­jik gar­py­za meň­ze­ýän mi­wä­niň ga­by­gyn­dan için­dä­ki ak sa­pa­jyk­la­ry we çi­gi­di gör­nüp dur­ýar. Kry­žow­nik köp­lenç de­sert­le­re we mi­we iç­gi­le­ri­ne go­şul­ýar.
Kry­žow­nik bo­ýy 1,5 met­re çen­li ýet­ýän gy­rym­sy agaç­da bit­ýär. Şa­ha­la­ry ti­ken­li bu aga­jyň jaň­ja­gaz şe­kil­li gül­le­ri we owa­dan ýap­ra­gy bar. Kry­žow­nik ýy­lyň do­wa­myn­da bir­nä­çe ge­zek ha­syl ber­ýär. Gy­rym­sy aga­jyň il­kin­ji ha­sy­ly mart aýyn­da, ikin­ji ha­sy­ly iýun-iýul aý­la­ryn­da, soň­ky ha­sy­ly sent­ýabr-okt­ýabr aý­la­ryn­da ýyg­nal­ýar. So­wu­ga çy­dam­ly bu agaç dag etek­le­rin­de 1500 met­re çen­li be­lent­lik­ler­de ös­ýär.
Kry­žow­nik XIX asyr­da me­de­ni şert­ler­de ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ri­lip baş­lan­ýar. Mi­wä­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýan iň esa­sy ýurt Ang­li­ýa bo­lup, iň­lis­ler dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek­de kry­žow­nik­den peý­da­lan­ýar­lar. C wi­ta­mi­niniň çeş­me­si bo­lan bu mi­we aş­ga­zan-içe­ge we ýü­rek-da­mar ul­ga­my üçin örän peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Mi­wä­niň esa­sy bö­le­gi Ang­li­ýa­da, ga­ly­ber­se-de Ger­ma­ni­ýa­da, Fran­si­ýa­da, Ni­der­land­lar­da we Ame­ri­ka­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.