Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler
Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady. Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler. Munuň özi Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň pikirleriniň peýdalanylmagynyň netijesidir.
Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip, olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler, türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala aşyrylmagy ýola goýlupdyr.
Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Ahalteke bedewiniň türkmen halysy we tebigatymyz bilen utgaşmasy ajaýyp sazlaşygy döredýär. Milli mirasymyza degişli gymmatlyklarymyzyň tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny halkymyza, şol sanda bu ýere geljek daşary ýurtly myhmanlara görkezýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şeýle innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerinde ornaşdyrmagy maslahat berdi.
Cagalar bagynyň hem-de orta mekdebiň şekil taslamalary görkezildi
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde D.Orazow şekil taslamalary, olara degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürlenen şekil taslamalary hem şol işleriň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Taslamalarda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, berlen maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz çagalar bagynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. “Çünki ýaşlar alan milli terbiýesi esasynda geljekde ösüşlere goşant goşup, Watanymyzyň bedew badyna dahylly bolarlar. “Şoňa görä-de, olaryň häzirki wagtdan kalbynyň, aňynyň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhuna baý bolmagyny gazanmak gerek” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Capuw ýodasynyň düşegine öz ýurdumyzyň topragy ulanylar
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiz toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.
Wise-premýer T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.
Hormatly Arkadagymyz beýan edilen maglumatlar we görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy, maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Halk Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady. “Özi-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alnyp, bu ýerde döredilýän amatlyklar Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginiň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: “Toplumyň çägindäki muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr” diýip nygtady.
Gahryman Arkadagymyz öz seýislän bedewinde gezim etdi
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan Milli Liderimiz bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny artdyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň “Taýçanak” binasyndan “Polatly” binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça işleriň depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
PDF








