30-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň uly itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Ýaponiýanyň tarapyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugruny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara işleriň utgaşdyrylmagynyň netijeliligini bellediler. Şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gaz-himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň görkezildi.
Ýaponiýa tarapyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly birnäçe ýapon kompaniýasynyň Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşandygy bellenildi.
Şunuň çäklerinde şu ýylyň dowamynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.
PDF








