1-nji sentýabr. Bu gün “Bilimler we talyp ýaşlar” güni ýurdymyzyň ähli bilim ojaklarynda giňden bellenilýär. Köneürgenç etrabynyň 61 sany umumy bilim berýän orta mekdebinde, 13 sany çagalar-bakja bagynda bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Guralan dabaralarda ýürek buýsançly çykyşlar diňlenildi. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim ojaklarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesillerimiziň okamaklygy, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekligi üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada aýdyp, baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Körpeje nesilleriň aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Joşgunly aýdylan aýdym-sazly çykyşlarda bagtyýar çagalygyň, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitleriň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleriniň waspy ýetirildi.

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz hem ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim ojaklarynda ylym-bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Soňky ýyllarda obadyr şäherlerde döwrebap çagalar bagy, orta mekdepler gurlup ulanmaga berildi. Bu bilim ojaklary dünýä ülňilerine doly laýyk gelýän enjamlar, multimediýa tagtalary bilen üpjün edilmegi, her ýyly 1-nji synpa barýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýan kompýuterleriň gowşurylmagy ýaş nesiller barada edilýän aladalaryň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Köneürgenç etraby boýunça 1-nji synpa 3130 sany okuwçy mekdebe baryp, olara ýan kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşyryldy. Ýaş nesilleriň okamagy, döretmegi, ylym-bilimden ýüki ýetik iň kämil hünärmenler bolup ýetişmekligi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlar sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Hudaýnazar  DURDYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.