1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi.

 Ir bilen hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýörite taýýarlanylan münbere barýar.

Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara beslenýändigini, şu günem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýtdy we dabara gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak biziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda ylmyň iň soňky gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

“Ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde institutlaryň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň giňden rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berilýär. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize bolsa ýadygärlik sowgat — «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Bularyň ählisi bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Institut 8 fakulteti we 28 kafedrany özünde jemleýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna uly ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.

“Bu bilim ojagy 13 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 28 sany kafedrany, kitaphanany, mejlisler zalyny özünde jemleýär. Institutyň okuw binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, onda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, talyp ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem häzirki zaman bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady hem-de bu döwrebap bilim ojagynda ýokary derejeli binagärleriň, gurluşykçy inženerleriň, senagatçylaryň kemala geljekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu gün açylyp ulanmaga berilýän bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. 5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi. Bu bilim ojagy 5 gatdan ybarat bolan baş binany, 8 fakulteti we 22 kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny özünde jemleýär. Täze institutyň binalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Ol ýerde professor-mugallymlaryň bilim işini has-da döwrebap guramagy, talyp ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde talyplar üçin 2 müň orunlyk umumyýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Meşhur türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň adyny buýsanç bilen göterýän bilim ojagynyň täze binalar toplumy geljekde hem kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.

“Häzirki döwürde watansöýüji, ruhubelent ýaşlarymyz kemala gelýär. Bu ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegidir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýaşlarymyzyň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýörite gurnalan monitorda sanly ulgam arkaly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara hem görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş toý bagyny kesdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Institutyň eýwanynda ýörite gurnalan monitoryň üsti bilen täze binalar toplumy barada maglumat berildi. Institutyň umumy meýdany 32,2 gektara barabar bolup, döwrebaplygyň we milli äheňleriň sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş bölümleri üçin niýetlenen baş binasynyň depesinde binagärlik hem-de inženerçilik senediniň baş nyşany bolan sirkulyň we ölçeg guralynyň şekili ýerleşdirilipdir. Täze binalar toplumynda institutyň professor-mugallymlarynyň okuw işini has-da döwrebap alyp barmaklary, talyplaryň bolsa dünýä standartlaryna laýyklykda ýokary hilli bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi

Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň mejlisler zalyna bardy we bu ýerde sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly il ýaşulusy E.Talipow Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler. Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, müň orunlyk naharhanany, kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumyýaşaýyş jaýyny, sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar. Bilim ojagynyň täze binalar toplumynyň okuw otaglaryna kämil sanly tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Okuw binalarynda talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin onlarça tejribehana otagy hereket edýär. Olar himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýalaryň esaslary, defektologiýa ýaly beýleki ugurlara degişli tejribehanalar bolup, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik, haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär. Muzeýlerde ýurdumyzyň baý medeni mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi, sanly bilim ulgamy, ýokary okuw mekdebiniň taryhy barada maglumat berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat. Täze binalar toplumyndaky sport binasy, sport meýdançalary dünýä standartyna laýyk gelmek bilen, bu ýerde futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol üçin ýörite sport zallary hem-de beýleki sport desgalary ýerleşýär.

Halkara güwänamalary gowşuryldy

Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. lki bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibuline söz berildi.

Ol hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we «Cert International» guramasynyň adyndan instituta ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryň gowşurylýandygyny aýtdy. Munuň özi institutyň ýokary derejesini tassyklap, täze binalar toplumy bilim, ylym, sanly tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda bir wagtda şu bäş halkara standart boýunça sertifikatlaşdyrylan ilkinji ýokary okuw mekdebidir.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýana söz berildi. Ol hemmeleri bu şanly waka bilen gutlap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýtdy.

Hanym Narine Saakýan durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygy, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan etdi hem-de energiýa netijeliligi boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça “ýaşyl” güwänamany; talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça “ýaşyl” güwänamany; suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak boýunça güwänamany; energiýa netijeliligi we monitoring boýunça güwänamany; şeýle hem bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça güwänamany gowşurdy.

Soňra «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Taý Jozefe söz berildi. Ol bu dabara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, wekilçilik edýän düzüminiň adyndan döwrebap bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

“Şu gün biz Türkmenistanda bilim mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimiň şaýady bolýarys. Ýokary okuw mekdebine «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň derejesi berilýär. Bu bolsa instituta «Certiport» halkara güwänamasyna laýyklykda synaglary geçirmäge we talyplardyr hünärmenlere öz hünär hem-de sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik döreder” diýip, myhman belledi hem-de institutda «Certiport» tarapyndan ygtyýarlandyrylan halkara synag merkeziniň (Certiport Authorized Testing Center) döredilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.

Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy

Halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz institutyň okuw binasynyň ýokary hilli, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ajaýyp türkmen halylary sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz institutlaryň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp toý sowgady bolup, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

* * *

Şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda innowasion pedagogikany durmuşa ornaşdyrýandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy; Türkmenistanda mugallymçylyk ugrundan hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan uly goşandy üçin “Geljege goşant” atly howandarlyk gaznasynyň güwänamasy; Türkmenistanda durmuş ulgamynda bilimi ýokarlandyrmaga we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan aýratyn goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwänamasy; täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty; ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.

Güwänamalary gowşurmak dabarasyndan soňra, instituta hormatly Prezidentimiziň adyndan awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.