31-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde täze gurlan «Bişkek Arena» stadionynda Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Halkara sport-medeni çärä dünýäniň 100-den gowrak döwletinden türgenler gatnaşýar. Oýunlaryň maksatnamasyna medeniýet, etnosport we ylym ugurlary girizilip, sportuň 43 görnüşinden bäsleşikler geçirilýär. Olaryň hatarynda milli göreş, at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, aň-paýhas oýunlary we beýleki milli sport görnüşleri bar.

Ýaryşlara Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp, türkmen milli göreşi we sportuň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezerler.

Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary 6-njy sentýabra çenli dowam eder. Esasy çäreler Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Oýunlaryň çäklerinde Gyrçyn jülgesinde 300-den gowrak ak öýden ybarat etno-şäherjik döredilip, onda gyrgyz halkynyň milli medeniýeti, amaly-haşam sungaty we çarwa durmuşynyň däpleri görkezilýär.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary dürli halklarynyň milli däp-dessurlaryny, medeni mirasyny we etnosport görnüşlerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga hyzmat edýän möhüm halkara çäreleriň biridir.