2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.
Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza, mugallymlara, talyp ýaşlara we okuwçylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy hem-de olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglygyny, ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmakda uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip: «Şu gün siziň bilen örän möhüm, esasy garaýyşlarymy paýlaşmak isleýärin» diýip belledi. Olar şahsyýeti kemala getirmek, ýaş nesliň durmuşdaky ornuny we ahlak gözýetimini kesgitlemek bilen bagly düşünjelerdir.
«Men bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada durup geçmek isleýärin. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz. Siziň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyňyza ynanýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşyny esasy zatdan – watançylyk düşünjesinden başlady. «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Bu setirlerde ägirt uly many bar, ata Watanymyzyň beýik geljegine ynam bar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
«Biziň döwletimiziň iň täze taryhy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşy düýpli berkidildi. Ýakyn wagtda bolsa biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny belläp geçeris. Bu beýik sene berkarar döwletimiziň durmuşynda tutuş bir döwürdir. Biziň bolsa buýsanara-guwanara zadymyz örän köp» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
«Häzirki döwürde Türkmenistan kuwwatly, durnukly we ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkidilip, ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy merdana halkymyzyň aýratyn taryhy ykbalydyr, uly buýsanjydyr, üstünligidir. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplygy 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan dünýä döwletleriniň ählisi tarapyndan ykrar edildi hem-de goldanyldy. Munuň özi halkara gatnaşyklarda ilkinji we ýeke-täk mysaldyr.
«Şeýle hem men ýaňy Bitaraplygymyzyň türkmen halkynyň taryhy ykbalydygyny aýtdym. Munuň özi ýönelige däldir. Sebäbi Bitaraplyk halkymyzyň bütin taryhy ýoly bilen kesgitlendi, ata-babalarymyz tarapyndan bize wesýet edildi. Muny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy wasp edip gidipdir. Ol diňe şahyr we akyldar bolman, eýsem, köp ýurtlara aýlanyp gören ajaýyp diplomat hem bolupdyr. Bu beýik ynsan türkmenler üçin esasy zadyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ähli halklar bilen dostlukly gatnaşyk etmek bolup durýandygyna düşünipdir. Biziň Bitaraplygymyzyň düýp manysy hem şunda jemlenendir» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
«Türkmenistan üçin Bitaraplyk parahatçylygyň, içerki durnuklylygyň, halkymyzyň jebisliginiň we agzybirliginiň kepilidir. Türkmen Bitaraplygynyň netijeli häsiýeti dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Bitaraplygyny üç gezek goldap, Kararnama kabul etmegi hem muny tassyklaýar. Munuň ähmiýeti bolsa häzirki döwürde aýratyn ýokarydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz oňyn başlangyçlary, anyk teklipleri hem-de taglymatlary netijesinde, halkara parahatçylygy we durnuklylygy, hormatlamak dialogyny öňe sürýän döwlet hökmünde çykyş edýär. Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden örän möhüm ençeme çözgütleri hem muny tassyklaýar. Mysal üçin, 2007-nji ýylda Türkmenistanda dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýöriteleşdirilen düzüm – Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň gönüden-göni netijesidir. «Nesip bolsa, geljek ýyl biz Birleşen Milletler Guramasyna ähli agza döwletler bilen bilelikde bu sebit merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygyny belläp geçeris. Dünýä işlerinde ynanyşmak kadalaryny we hormat goýmak dialogynyň medeniýetini ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy hem biragyzdan goldanyldy. Mundan birnäçe ýyl ozal ýurdumyzyň öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy hem dünýä syýasatynda bäsleşmek we gapma-garşylyk däl-de, dialog, mümkinçilikler, özara düşünişmek, ylalaşmak, netijeli çözgütleri gözlemek ýaly täzeçe oýlanmagyň badalga nokadyna öwrüldi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
«2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy bütin dünýäde uly hormata mynasyp boldy. Bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forum dünýä möçberindäki çärä öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynda düzümine onlarça ýurtlar girýän Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem ýurdumyzyň gazanan üstünligidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda Araçyllyk palatasyny döretmek baradaky başlangyjy, şeýle hem bitarap we bileleşiklere goşulmaýan döwletlere bu guramanyň parahatçylygy dörediji tagallalarynda ileri tutulýan hyzmatdaşlar hukuk ýagdaýyny bermek hakyndaky teklibi-de hyzmatdaş döwletleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. «Bularyň ählisi Bitaraplygyň uly mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Meniň pikirimçe, onuň sebäpleri aýdyňdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
«Bitaraplyk, ozaly bilen, öz tebigaty, dünýägaraýşy boýunça ähli döwletleriň we halklaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini hormatlamaga esaslanýan dialoga we parahatçylyga daýanýar. Hut şu garaýyşlar häzirki döwürde uzak möhletli parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün edip biler diýip pikir edýärin. Bitaraplygyň mümkinçilikleri uludyr. Men onuň diňe käbirini sanap geçdim. Türkmenistan bitaraplygyň nazaryýetini hem-de amalyýetini baýlaşdyrmagyň, syýasy we ylmy binýadyny döretmegiň üstünde işlemegini dowam edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
«Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy we möhüm ugurlarydyr. Olar biziň içki ösüşimiz, ýurdumyzyň dünýä ykdysady işine üstünlikli goşulmagy üçin amatly şertleri döretmegiň örän möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu strategiýa «Açyk gapylar daşary ykdysady syýasaty» diýen ada eýe boldy» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm, strategik ugrudyr. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň bir bölegi bolmak bilen, Ýakyn Gündogar bilen araçäkleşýär. Ýurdumyzyň Günorta Aziýa hem göni çykalgasy bardyr. Türkmenistan Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmek bilen, öz geografik ýerleşişiniň bähbitli taraplaryny sebitleriň we yklymlaryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagynyň hyzmatynda ulanmaga taýýardyr. Bu diňe bir ykdysady wezipe bolup durmaýar. Ol bilelikde gülläp ösmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, ynanyşmak köprülerini gurmak boýunça örän möhüm medeni wezipedir.
«Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy örän uly goşulyşmak taslamasynyň özenini düzýär. Bu konsepsiýanyň taslamasynyň çäklerinde üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, esasy ulag-logistika merkezlerini emele getirmek arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny görýäris. Munuň üçin häzirki zaman milli üpjünçilik ulgamlaryny döretmek zerurdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
«Öndürijiler, sarp edijiler we üstaşyr geçirijiler hökmünde yklymyň ýurtlarynyň bar bolan energetika mümkinçiliklerini açmak hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň örän möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň strategiýasy bu üç ugra gatnaşyjylaryň bähbitlerini doly hasaba almaga, gatnaw ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we nebitgaz çig malyna, şeýle hem elektrik energiýasynyň çeşmelerine deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge esaslanandyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gaz geçirijisi onuň gurluşygy tamamlanandan soňra, iki subkontinentiň zerurlyklaryny onlarça ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge ukyplydyr. Bu subkontinentleriň ilaty häzirki wagtda 2 milliard adama golaýdyr. Olaryň ykdysadyýetleri çalt depginler bilen ösýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Owganystanda 12 müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem biziň ýurdumyz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak üçin kuwwatlyklara eýedir.
«Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň senagat ulgamynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bütinleý täze pudaklar – dokma, himiýa, gurluşyk, elektrik energetika pudaklary döredildi» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
«Garaşsyz bilermenleriň berýän bahalaryna görä, Türkmenistanyň durmuş ulgamy dünýäde iň gowy ulgamlaryň biridir. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi köpugurly halkara hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Bellenilişi ýaly, hususy işewürlik ugry, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu birleşmäniň bellige alnan agzalarynyň sany 30 müňe golaýdyr.
Gahryman Arkadagymyz daşary-ykdysady hyzmatdaşlygyň kabul edilen döwlet maksatnamalary we halkara strategiýalary esasynda alnyp barylýandygyny belledi. Olaryň esasysy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 –
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bolup durýar.
«Türkmenistan maýa goýum ulgamynda örän iri, abraýly maliýe guramalary we institutlary – Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagyna degişli kadalar boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
«Türkmenistanyň halkara işiniň syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky gün tertibi bäş yklymy öz içine alýar. Biz dünýäniň 161 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýarys. Dürli ugurlar boýunça halkara guramalaryň 55-siniň işine gatnaşýarys. Abraýly we jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistanyň sesi dünýä giňişliginde belentden ýaňlanýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
«Biziň buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewi türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we milli mertebesiniň nyşanlarynyň biridir. Ahalteke bedewlerimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynda, medeni diplomatiýasynda uly orny eýeleýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli döwletleriň atçylyk düzümleri bilen hünär hyzmatdaşlygynda uly abraýa eýe boldy. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň bütindünýä sanawyna girizildi. Bu halkara ykrarnama ahalteke atlarynyň dünýä medeniýetindäki we taryhyndaky aýratyn ornuny subut edýär.
Gahryman Arkadagymyz okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip: «Täze okuw ýylynyň başlanmagy siziň her biriňiziň durmuşyňyzda hemişe möhüm döwür bolup durýar» diýip nygtady. Aýratyn hem, bu ýokary okuw mekdebine ilkinji gezek gadam basýan ýaşlar üçin möhüm ähmiýete eýedir.
«Jogapkärçiligi, yhlasy, çynlakaý garaýşy talap edýän uly durmuş başlanýar. Bu ugurda size döwlet ýardam berer. Okamak, ruhy we medeni taýdan ösmek üçin ähli zerur şertleri üpjün eder. Siz – Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar. Häzir biz täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän, emeli aňyň ähli ýerde ornaşdyrylýan şertlerinde ýaşaýarys. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
«Biziň maksadymyz – Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr. Biz «akylly» şäherleri döretmek ugrunda iş alyp barýarys. Bize «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerur diýip hasap edýärin. Bu konsepsiýa toplumlaýyn bolmalydyr. Işiň ähli esasy ugurlaryny öz içine almalydyr. Şol taslama ýaşlary, talyplary işjeň çekmek zerurdyr. Olar täze garaýyşlary, teklipleri, täzeçil nusgalary batyrgaý girizmäge ukyplydyrlar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
«Goý, beýleki ýurtlaryň zehinli ýaşlary Türkmenistana gelsinler, türkmen ýaşlary bilen bilelikde öz döredijilik maksatlaryny durmuşa geçirsinler! Bu hemmeler üçin bähbitli bolar. Biz Türkmenistanda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýşynyň taryhy milli esaslaryny berkitmäge hemişe uly üns bereris. Şoňa görä-de, okuw sapagymyň indiki böleginde terbiýäni ösdürmek, türkmen halkynyň medeni ruhy mirasyny, onuň däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky garaýyşlarymy siz bilen paýlaşaryn» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagyny dowam edip: «Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir» diýip belledi. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýolunyň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
«Türkmen taryhy – bu iň gadymy siwilizasiýalary döreden, dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň buýsançly beýik geçmişi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
«Mukaddes topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy-barlaglar we gazuw-agtaryş işleri üçin gymmatly çeşmedir.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gadymy ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň – Jeýtun, Änew, Marguş, Dehistan we Horezm-Ürgenç siwilizasiýalarynyň dörän Watanydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşup gelýän türkmen halkynyň ata Watany. Eziz Watanyňy, il-günüňi söýmek üçin onuň şöhratly geçmişini giňden öwrenmeli. Türkmen halkynyň taryhynda bolsa guwanmaga, buýsanmaga şan-şöhratly sahypalar näçe diýseň bar.
«Watan, toprak – her millet üçin mukaddeslik. «Döwlet guşy» romanymda men: «Türkmen topragy – mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy – rysgal-berekediň topragy. Bu toprakda beýik pederlerimiziň yhlasy, arzuwy, ömür menzilleri ýatyr» diýip ýazypdym. Meniň size berjek atalyk nesihatym, ýaşlar, siziň öz Watanyňyzyň taryhyny, öz kökleriňizi bilmegiňiz gerek, oňa guwanmagyňyz, buýsanmagyňyz gerek. Siziň her biriňiziň baş şygaryňyz kämillik bolmalydyr. Ynsan hemişe kämillige ymtylmalydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
«Türkmen halkynyň milliligi we biziň ruhy baýlygymyz bolan türkmençilik – dünýä medeniýetinde aýratyn orun tutýan belent ahlak derejesidir. Türkmençilikde her bir hereket, her bir söz belent edep-ekrama ýugrulandyr. Ili il edýän onuň agzybirligidir. Agzybirligiň özeninde bolsa birek-birege, ulynyň kiçä we kiçiniň ula özara sylag-hormaty bardyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
«Edep başy salam» diýlişi ýaly, jemgyýetde adamlaryň arasyndaky agzybirligi, ynamy berkidýän ilkinji basgançak salamlaşmakdan başlanýandyr. «Salam – Taňrynyň ady» hem diýilýär. Açyk ýüz, päk ýürek bilen berilýän salam adamlaryň kalbynda dostlugy, ynamy berkidýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
«Watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, mertlik, dogumlylyk, göwnaçyklyk, gaýratlylyk, geçirimlilik, mylaýymlyk, ruhubelentlik, pespällik, päklik, arassalyk, paýhaslylyk, ýagşylyk etmek – bular Beýik Biribar tarapyndan türkmeniň süňňüne guýlan ebedi milli häsiýetlerdir. Bu häsiýetler her bir perzendiň kalbyna ene süýdi, atalaryň pendi bilen guýulýandyr.
Sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa sagdyn döwletiň binýadydyr. Sagdynlyk düşünjesinde diňe jan saglygy göz öňünde tutulman, ruhy kämillik, ahlak belentligi-de jemlenýär. Türkmen maşgalasynda bolsa muňa aýratyn ähmiýet berilýär. Aýratyn-da, halkymyz gyz çaganyň edep-ekramyna, özüni alyp barşyna, terbiýesine uly üns berýär. Onuň arassa ahlakly bolup ýetişmegi üçin aýratyn alada edýär. «Ýagşy ene – ýagşy gyza görelde» ýaly nakylda hem türkmen maşgalasynda zenan edebine, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berlendigini görmek bolýar. Gyz perzendiň kalbyna guýulýan ýagşy niýet-arzuwlaryň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin her bir ene-ata gyz perzendiň syrdaşy, ýakyn adamy bolmalydyr. Halkymyzda gyz edebi il edebine deňelýär. Päk ahlakly, sada, medeniýetli gyz çaga maşgalanyň abraýy, baran öýüniň buýsanjydyr. Biziň edep-terbiýämizde gyz-gelinlerimiziň asyllylygy, edep-ekramy aýratyn mertebä eýedir. Bular barada Gahryman Arkadagymyz aýratyn belledi.
«Her bir ynsanyň ömrüniň we şahsyýetiniň kemala gelmegi, ilki bilen, maşgala ojagyna we enäniň mähremligine baglydyr. Ene ýüregi tükeniksiz mähriň, sabyr-takadyň beýik çeşmesidir. Enäniň perzende bolan söýgüsi dünýädäki iň tämiz we iň belent duýgudyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, her halk öz neslini milli düşünjeleri we medeni däpleri esasynda terbiýeleýär. Ata-eneler, mugallymlar ýaşlaryň terbiýesini özbaşyna goýbermeli däldirler. Internet giňişligindäki ters düşünje-garaýyşlara ýaşlyk ýeňilligi bilen özlerini aldyrmazlygyny, ahlak arassalygyny, mertebesini goramalydygyny yzygiderli pent edip durmalydyrlar. Mugallym çagalara özüni alyp barmagyň düzgünlerini, sözleýiş edebini yzygiderli öwretmelidir.
«Bu jogapkärli işde mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Mugallym – ýaş nesli terbiýeleýän, bilim berýän we olaryň geljegine uly täsir edýän hormatly hünäriň eýesi, beýik ynsandyr. Mugallym ýaş nesillerimize ýol görkeziji şahsyýetdir. Şonuň üçin mugallym sabyrly, akylly, mylaýym we adalatly bolup, her bir okuwça deň göz bilen garamalydyr, olaryň pikirine hormat goýmalydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
«Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
«Türkmen ýaşlary öz päk kalplarynda elmydama mähriban Watanyna, il-gününe bolan söýgini saklamalydyrlar. Söýgi – bu seniň Beýik Biribara, mähriban Watanyňa bolan beýik duýgyňdyr. Söýgi – bu seniň mähriban halkyň geçmişine, şu günki bagtyýar durmuşyna hem-de beýik geljegine bolan beýik buýsanjyňdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
«Türkmen topragyny söýüň! Türkmen topragy türkmen bedewlerini, nepis halylary, şaý-sepleri, onlarça gadymy ylmy-medeni merkezleri dünýä siwilizasiýasyna bagyş eden seniň mukaddes Diýaryňdyr. Türkmen halkyny söýüň! Çünki seniň halkyň köp asyrlaryň dowamynda durmuş şertleri we taryhy tejribeler esasynda kämilleşen milletdir. Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Milli mirasymyza pederlerimiziň ruhy siňendir. Milli miras – bu halallyk, ýere-topraga yhlas etmek, ahlak arassalygy, nebse çapmazlyk, beden tämizligi, gaýduwsyzlyk ýaly paýhas eleginden geçirilen öwüt-ündewlerdir. Sporty söýüň! Sport seni diňe bir beden taýdan kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, seniň dünýägaraýşyňy hem giňeldýär. Sport – bu güýç-gaýratyň, gözelligiň we saglygyň gözbaşydyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
«Türkmen dili döwlet dilidir! Türkmen dili dünýäniň iň gadymy, baý we şirin dilleriniň biridir! Dilimize sarpa goýuň! Daşary ýurt dillerini öwreniň! Daşary ýurt edebiýatyny öwreniň! Dil siziň dünýädäki dostlaryňyzyň sanyny artdyrar. Dil siziň dünýädäki abraýyňyzy belende göterer. Halkymyzyň «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil – akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimlerini özüňize şygar ediniň!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
«Öz taryhy ösüşiniň dowamynda halkymyz hiç wagt ylymdan daşda bolan däldir. Türkmen ýaşlary bu gün öz pederleriniň ylym dünýäsindäki beýik ýeňişlerine, beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Dünýäniň häzirki zaman ylmyndaky özgertmeler adamzat jemgyýetiniň barha kämilleşmegine ýol açýar. Ýaşlarymyz täze ylmy-tehniki ösüşden baş çykarmalydyrlar. Türkmen ýaşlary innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyrlar, täze tehnologiýalary döretmelidirler» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
«Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi siziň nurana ykbalyňyz bilen baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe siz öz alan bilimiňiz we zähmetiňiz, edep-ekramyňyz we zähmetsöýerligiňiz bilen eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de belende götermelisiňiz. Birek-biregiň üstünliklerine buýsanyp, halkymyzy, Watanymyzy söýmelisiňiz. Ilhalar şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz. Watanymyzyň şanly taryhyna, milli köklerimize, beýik şahsyýetlerimiziň gazananlaryna göz ýetirýän hem-de olardan netije çykarmagy başarýan ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr!» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagyny tamamlamak bilen, berkarar Watanymyzyň eziz ýaşlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz umumy okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip, özüniň oý-pikirlerini beýan edendigini aýtdy we çykyş etmäge isleg bildiren ýaşlara söz berdi.
PDF








