21-23-nji oktýabr aralygynda Gazagystanyň Astana şäherindäki Halkara EXPO sergi merkezind””KazAgroFarm 2026” halkara agrosenagat sergisi geçiriler. Merkezi Aziýanyň iň iri pudaklaýyn forumlarynyň biri bolan bu giň gerimli çäre dünýäniň 25 ýurdundan 300-den gowrak öňdebaryjy kompaniýany we agrobiznesiň 10 müňden gowrak hünärmenini bir ýere jemlär.

Serginiň çäginde oba hojalyk tehnikasy we innowasiýalar, maldarçylyk we ekerançylyk üçin tehnologik enjamlar, suwy tygşytlaýjy suwaryş ulgamlary, şeýle hem önümleri gaýtadan işlemäge we logistika degişli öňdebaryjy çözgütler görkeziler. Şol bir wagtyň özünde baý işewürlik maksatnamasy guralyp, onda B2B (ikiçäk) we B2G (döwlet edaralarynyň wekilleri bilen) duşuşyklary, plenar mejlisler hem-de maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşlary bolar.

Bu abraýly çärä “DeLaval”, “Rostselmaş” we “Agrimatco” ýaly pudagyň dünýä liderleri gatnaşyp, özleriniň iň soňky önümlerini we hyzmatlaryny hödürlärler. Sergä gatnaşyjylaryň geografiýasy Gazagystan bilen birlikde Germaniýa, Niderlandlar, ABŞ, Hytaý, Fransiýa, Türkiýe we GDA ýurtlaryny öz içine alýar.

Gazagystanyň agro-senagat toplumyny giň gerimde döwrebaplaşdyrmaga we göni şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik berýän bu esasy B2B meýdança möhüm ähmiýete eýedir. Ol Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň telekeçileri üçin halkara oba hojalyk dialogynyň esasy merkezine öwrüler.