Fransiýanyň çempionatynda ilkinji 2 tapgyry deňlikde tamamlan PSŽ topary bu gezek ýeňlişe sezewar boldy.  Öz meýdançasynda “Monako” bilen duşuşan PSŽ 2-1 hasabynda asgyn geldi. Oýnuň 31-nji minutynda Markiniosyň goly bilen öňe geçen parižlilere 2-nji ýarymda derwezelerini goramak başartmady. Oýnuň 58-nji minutynda Nazinio bilen 72-nji minutynda tapawutlanan Idumbo “Monako” toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Şeýlelikde, PSŽ ilkinji 3 tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmän, täze möwsüme juda şowsuz başlady. Filipe Luisiň tälimçiligindäki “Monako” topary bolsa 3-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 9 utuk bilen sanawyň birinji basgançakda barýar. “Monako” häzirlikçe 3 oýunda-da ýeňiş gazanan ýeke-täk topardyr.

Şeýle-de, Fransiýada 3-nji tapgyrda “Lill” myhmançylykda “Tuluzany” 1-0, “Lion” bolsa öz meýdançasynda “Oseri” 3-1 ýeňdi