Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Wenraý şäherinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň we Ýewropanyň ylmy jemgyýetçilikleriniň, atçylyk pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlap birnäçe eserleri döretdi. Bu kitaplarda ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň we seýislemegiň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiziň 2019-njy ýylda okyjylara gowşan bu kitaby bedewiň türkmen taryhynda we durmuşynda eýeleýän orny barada gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýär. 8 bölümden ybarat bolan kitapda ahalteke atlarynyň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada ylmy, taryhy, edebi maglumatlar, milli seýisçiligiň usullary beýan edilip, halkymyzyň milli mirasy bilen aýrylmaz arabaglanyşygynyň filosofiýasy açylyp görkezilýär.
Dabarada çykyş eden daşary ýurtlaryň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda ýazan eserleriniň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalar bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň niderland dilinde neşir edilmegi ýurduň ähli okyjylary, şol sanda atçylyk pudagynda iş alyp barýan hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Eser diňe adamlaryň atlar baradaky bilimlerini ösdürmän, atçylyk medeniýetini artdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Kitaby okamak bilen, atyň diňe bir jandar däl-de, onuň adamyň müňýyllyklara uzaýan dostudygyna, kyn we şatlykly günde wepaly ýoldaşydygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Kitapda atçylyk babatda milli däp-dessurlar, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan çäreler baradaky maglumatlar okyjylara halkymyzyň baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Atçylyk pudagynyň abraýly halkara düzümleriniň, ylym-bilim edaralarynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Çempionatyň sport, medeni we ylmy häsiýetli giň gerimli çäreleri dünýäniň dürli künjeginden behişdi bedewleriň hakyky muşdaklaryny bir ýere jemlemäge şert döretdi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar atşynaslyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan etdiler.
PDF








