Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasynyň hem-de gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak tabşyryldy.
PDF








