Dünýäde ilkinji fotosurat hasaplanýan we mundan, takmynan, 200 ýyl ozal döredilen «Le-Grasdaky penjireden görnüş» atly taryhy surat 60 ýyldan gowrak wagt soň ilkinji gezek Fransiýada köpçülige görkeziler. Nisefor Nýepsiň bu gymmatly eseriniň 2027-nji ýylyň aprel aýynyň aýagyndan iýunyň ahyryna çenli Şalon-sýur-Son şäherindäki Nisefor Nýeps muzeýinde köpçülige görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Fotosurat sungatynyň döredilmeginiň 200 ýyllygyna bagyşlanan hem-de «Geliosyň eliniň yzy. 1826–1827: Nýeps fotosuraty oýlap tapýar!» adyny göterýän bu giň möçberli sergi ýurduň medeni durmuşynda möhüm waka bolar. Takmynan, 1826–1827-nji ýyllarda amala aşyrylan bu ilkinji surata awtoryň Burgundiýadaky maşgala mülküniň penjiresinden açylýan töwerekdäki görnüşler düşürilipdir. Galaýy plastinkada jaýlaryň fasadyny, ammaryň üçegini, agajy hem-de uzakdaky demkeşi şöhlelendiren şekilleri ýörite yşyklandyryş arkaly synlamak mümkin bolýar.

Oýlap tapyjy öz döwründe bu täsin açyşynyň jemgyýet tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna umyt baglap, ony Angliýa alyp barsa-da, ol ýerde bu täsinlige baha berilmändir we wagtyň geçmegi bilen surat ýatdan çykarylypdyr. Nýepsiň öz döwründe ýetip bilmedik ykrar ediliş arzuwy unudylyp, ol 1833-nji ýylda aradan çykypdyr, emma asyrlar geçensoň, 1952-nji ýylda nemes sungat taryhçysy Helmut Gernshaým tarapyndan täzeden tapylypdyr.

Ol bu gymmatlygy 1963-nji ýylda ABŞ-nyň Tehas uniwersitetine tabşyrypdyr we şondan bäri plastinka şol ýerde saklanyp gelinýär. Häzirki wagtda ýurduna dolanyp gelen bu taryhy gymmatlygy muzeýe gelýän myhmanlar onlarça ýyldan soň ilkinji gezek öz gözleri bilen görmek mümkinçiligine eýe bolarlar.