Hormatly Prezidentimiz 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişmek boýunça ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan göwünleri galkynan ýurdumyzyň edermen daýhanlar 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna girişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatdaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi. Edermen babadaýhanlar Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna sowgat edip, 1 million 400 müň tonna ak pagtany ýygnamagy meýilleşdirilýärler.

Ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyna häzirki döwrüň sanly we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Munuň netijesinde dokma senagatynyň esasy çig maly bolan ýokary hilli pagta süýümi öndürilýär. Şeýle hem tohumçylyk ulgamyna we ýokary hasylly pagtanyň täze görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.