9-njy sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lýuk Dewin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilçi Lýuk Dewini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işinde üstünlikleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda berkeýän gatnaşyklaryň şertlerinde geçirildi. 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Samarkantda ilkinji gezek ÝB-Merkezi Aziýa sammiti geçirildi. Bu sammit gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykardy we ÝB-niň sebit bilen gatnaşyklary, şol sanda ulag infrastrukturasyny, söwdany we maýa goýumlaryny, energiýa ulgamyny, durnukly ösüşi we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmäge bolan ygrarlylygyny tassyklady.
Resmi maksatnamasynyň çäginde ilçi Dewin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine we onuň ýanynda ýerleşýän Türkmenbaşy aramgähine baryp, aramgähe gül goýdy.
Şol gün ilçi Dewin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy we oňa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soň ilçi Dewin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň parahatçylyk taslamasydygyny nygtady.
Ilçi Dewin Ýewropa Bileleşiginiň daşarky gatnaşyklary ulgamynda, aýratyn-da Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklar boýunça baý tejribä eýedir. Ol 1996-njy ýylda Ýewropa Komissiýasynyň düzümine goşuldy we soňra Söwda boýunça Baş müdirlikde hem-de Ýewropa Daşary gatnaşyklar gullugynda birnäçe ýokary wezipelerde işledi. Şol wezipeleriň hatarynda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory hem-de direktorlaryň orunbasary derejesindäki wezipeler hem bar.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde Lýuk Dewin Aşgabatdaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň döwlet edaralary we beýleki hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynda wekili wezipesini ýerine ýetirer. Ol Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle hem umumy bähbitleri anyk hyzmatdaşlyga we göze görnüp duran netijelere öwürmäge gönükdirilen işleri alyp barar.
PDF








