9-njy sentýabrda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar, täze gözlegler üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň şöhratyny belende göterjek geljekki sahna ussatlary, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän ýylda bu döredijilik gözden geçirilişi aýratyn mazmuna eýedir. Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen ýurdumyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler.
Halk we estrada aýdymlarynyň giňden wagyz edilmegi arkaly milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi umumymilli çagalar bäsleşiginiň baş maksadydyr. Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli eserler girizildi.
Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri diýip Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa we Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew dagy yglan edildi. Olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Uly sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak çagalary geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň geljegi üçin mynasyp nesiller bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.
PDF








