Öten agşam “Apple” “iPhone” smartfonlarynyň täze nusgalaryny tanyşdyrdy. “Surprise and Shine” atly çärede “iPhone 18 Pro” “Pro Max” bilen bir hatarda köp wagtdan bäri garaşylýan eplenýän smartfon hem bar. “iPhone Duo” atly eplenýän smartfon “Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy Z Fold”-yna meňzeş bolup, açylan wagty ekrany “iPad mini” enjamyna meňzeýär. Şeýle hem kompaniýa “iOS 27”, emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän “Siri” assistentini tanyşdyrdy.

Kompaniýa eplenýän telefonlaryň çykmagynda 7 ýyldan soňra ilkinji gezek şeýle telefony tanyşdyrdy. “Samsung” 2019-njy ýylyň başynda ilkinji eplenýän telefony “Samsung Galaxy Fold”-y çykarypdy. Şondan bäri hem “iPhone”-yň eplenýän telefon çykarjakdygy barada gürrüň edilýär. Eplenýän telefon 2 müň dollardan satuwa çykarylar.

Reňkleri

Seriýanyň esasy telefonlary bolan “iPhone 18 Pro” we “iPhone 18 Pro Max” smartfonlarynyň goýy gara, kümüşsow, açyk gök we ilkinji gezek ulanylýan ülje (goýy gyzyl) reňkli görnüşi bar. Smartfonlaryň kameralary bolsa, täze linzalar we ösen programma üpjünçiligi sebäpli has ýokary durulykda surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Esasy kamera 48 megapiksel durulygynda bolup, pes ýagtylykda hem ýokary durulykda surata düşürmäge mümkinçilik berýär. “A20 Pro” çipi oturdylandygy sebäpli telefonlaryň batareýasy hem uzak wagt zarýad saklaýar. “iPhone 18 Pro” 36 sagat, “Pro Max” bolsa, 45 sagada çenli wideo görmäge mümkinçilik berýär.

Ýene bir täzelik bolsa, bu ýyl adaty “iPhone 18” modeli tanyşdyrylmady. Bu modeliň geljek ýylyň başynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Çärede “Apple Watch Series 12”, “Apple Watch Ultra 4” we “AirPods 5” hem köpçülige görkezildi.

Mundan ozal kompaniýa 15 ýyllap ýolbaşçylyk eden Tim Kuk şu aýyň başynda öz wezipesini Jon Ternusa tabşyrypdy. Bu çäre Ternusyň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy boldy.