Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirilip, myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolandylar.
Kubogyň häzirki eýesi “Arkadag” topary myhmançylykda “Altyn Asyr” bilen duşuşdy. 8-nji minutda Mekan Saparowyň goly bilen öňe geçen “Arkadag” toparynyň derwezesinden deňlik goluny 54-nji minutda Röwşengeldi Halmämmedow girizdi. Ýöne myhmanlaryň jogaby gijikmedi. Yzly-yzyna 2 minutda 2 gol salan “Arkadag” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Olara ýeňiş getiren gollary 65-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow bilen 67-nji minutda Daýanç Meredow geçirdi.
Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda bolsa “Ahal” topary “Köpetdagyň” myhmany bolup, 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda “Köpetdag” topary Emir Berdiýewiň 24-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Ahal” topary has erjel oýun görkezdi. 47-nji minutda Nazar Towakelowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen hasaby deňlän “Ahal” topary oýun tamamlanýança her 10 minutdan diýen ýaly 1 pökgini “Köpetdag” toparynyň derwezesinden girizdi. 60-njy minutda Ýakupmuhammet Gowşudow, 72-nji minutda Süleýman Mirzoýew, 79-njy minutda Yslam Annamyradow hem-de 83-nji minutda Annamyrat Meredow dagy tapawutlanyp, “Ahal” toparyna uly hasaply ýeňiş getirdiler.
Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklarynyň netijesinde “Arkadag” bilen “Ahal” toparlary finala çykmagyň bosagasynda bolup, iki toparyň yzly-yzyna 4-nji gezek finalda çykyş etmegine garaşylýar. Mundan öňki 3 finalda-da iki topar duşuşyp, “Arkadag” topary üçüsinde hem ýeňiş gazanypdy.
PDF








