Awtoulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Hyundai» elektrik energiýasy bilen işleýän üç tigirli motor öndürer. Aziýa we Afrika ýurtlary üçin niýetlenen «E3W» atly ulag «TVS Motor» kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Has rahat oturgyçlary bolan ulagyň ýerden beýikligini ýagdaýa görä üýtgedip bolýar. Ulagyň nusgalyk görnüşi geçen ýyl tanyşdyrylypdy. Dizaýny koreý brendi tarapyndan işlenip düzülen ulagyň üç tigirli platformasy Hindistanyň «TVS Motor» kompaniýasy tarapyndan taýýarlandy. Önümçilik Hindistanda amala aşyrylyp, batareýa, motor ýaly esasy bölekleri bu ýurtdaky zawodlardan alnar. Bu bolsa, bahasynyň amatly bolmagyna getirer. Ulagyň satuwa çykaryljak senesi mälim edilmedi.
«Hyundai E3W» atly üç tigirli ulag köp ilatly şäherlerde dar ýollardan geçmäge hem-de dürli tebigy şertlerde sürmäge amatly bolar. Köp ýurtda sürülýän adaty «tuk-tuklardan» has uzyn bolan motosiklde sürüjiniň oturýan ýeri hem giňeldilipdir.
Bir gezek zarýad bilen 90 kilometre çenli ýol geçip bilýän bu ulagyň ýük göterijiligi 540 kilograma ýetýär.
Wepa Berdimyradow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
PDF








