Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Parižde geçirilen halkara kosmos sammitinde Ýewropanyň kosmos pudagyny pugtalandyrmaga hem-de bu ugurda bilelikdäki dolandyryşa geçmäge çagyrdylar.

Fransiýa bilen Germaniýanyň Pariž şäherindäki “Grand-Palem” binasynda bilelikde guraýan halkara kosmos sammitiniň ikinji gününde çykyş eden liderler bu ulgamyň howpsuzlygy we garaşsyzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Sammitde takmynan 20 milliard ýewro möçberindäki maýa goýumlary boýunça 51-den gowrak ylalaşyga gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Çykyşynyň dowamynda Ýewropanyň kosmos pudagyny “gowşak” diýip atlandyran Emmanuel Makron bu ulgamyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň we bilelikdäki dolandyryşa geçmegiň zerurlygyny belledi. Ol kosmos giňişliginiň häzirki wagtda ýüze çykýan wezipeleriň möçberine laýyk gelýän kadalar bilen doly düzgünleşdirilmedik ýeke-täk iri global umumy serişde bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti Ýewropa üçin geljekki birnäçe anyk tapgyrlary kesgitläp, ýakyn wagtda amala aşyryljak işleri mälim etdi. Ol iki ýyldan ilkinji Ýewropa ýük kapsulasy “Nyx”-iň Halkara kosmos stansiýasyna birikmegini, bäş ýyldan bolsa ilkinji Ýewropa Aýa gonýan enjamy “Argonaut”-yň Aýyň ýüzüne gonmagyny üpjün etmegi maksat edinýändigini belledi. Şeýle hem ol mundan 10 ýyl soň ilkinji Ýewropa adamly kosmos gämisiniň Fransiýa Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan kosmonawtlar bilen bilelikde älem giňişligine uçurylmagyna garaşýandygyny mälim etdi.

Öz gezeginde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem Ýewropanyň tagallalaryny güýçlendirmeginiň möhümdigine ünsi çekip, kosmosyň diňe bir ylmy gözlegler däl, eýsem, goranyş pudagy üçin hem esasy orny eýeleýändigini nygtady.

Sammite Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.