Tailandyň Phangnga aýlagynda – deňziň ortarasynda, äpet gaýalaryň arasynda ýerleşýän Ko-Pani obasy täsin ýerleriň biri hasaplanýar. XVIII asyryň ahyrynda malaý balykçylary we deňizçileri tarapyndan esaslandyrylan bu obanyň jaýlary, mekdepleri, dükanlary we metjitleri agaç hem-de beton sütünleriň üstünde dur. Ko-Pani obasy 1986-njy ýylda gurlan ýüzýän futbol meýdançasy (Panyee FC) bilen meşhurdyr. 360 maşgaladan, ýagny 1 müň 685 adamdan ybarat bolan oba ilatynyň asly Ýawadan göçüp gelen iki musulman deňizçi maşgalasyndan gelip çykýar. Tailandyň syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly goşant goşan obada, esasan, musulman ilat ýaşaýar. Adadaky metjit obanyň merkezi bolup, möhüm ýygnaklaryň we duşuşyklaryň geçirilýän ýeridir. Suwdan 100 metr beýiklige galyp duran ullakan gaýa obanyň meşhur nyşany hasaplanýar. Taryhy maglumatlara görä, irki ýyllarda balykçylar ýoldaşlaryna habar ugratmak üçin gaýanyň depesinde baýdak dikipdirler. Şol sebäpli bu oba taý dilinde «Baýdak obasy» hem diýilýär.
Durmuş şertleriniň we syýahatçylygyň ösýändigine garamazdan, oba ilaty balykçylykdan gün-güzeran aýlaýar. Ýurduň beýleki şäherlerinden egin-eşik, derman we arassaçylyk serişdeleri satyn alynýar. «Ýüzýän obanyň» töweregindäki suwuň içinden çykyp duran gaýalar «Jeýms Bond adasy» diýlip atlandyrylýar. Ýagyş möwsüminde Ko-Pani obasyna daşyndan adam barmaýar. Sebäbi emeli adanyň üstünde gurlan bu obada suw joşmalary we tebigy hadysalar köp bolýar. Gurakçylyk möwsüminde, ýagny tomusda syýahatçylar täsin obany we Jeýms Bond adasyny ýakyndan synlamaga barýarlar. Obada gaýykly gezelenç etmek bilen bir hatarda, restoranlarda deňiz önümlerinden taýýarlanan dürli tagamlar hödürlenýär. Balykçylar obasynda 12 töweregi restoran bar. Obada adam saglygy üçin zyýanly içgiler we önümler satylmaýar.
PDF








