Her ýyl 9-njy sentýabrda Halkara sudoku güni bellenilip geçilýär. 2013-nji ýylda Bütindünýä tapmaça federasiýasy (WPF) tarapyndan esaslandyrylan bu sene mynasybetli 9×9 öýjükleriň içine san ýerleşdirmek bäsleşikleri guralýar.
Sudoku 3×3 kiçi öýjüge bölünen, jemi 81 aýry öýjükden ybarat, her setiri 1-den 9-a çenli sanlar ýerleşdirilýän kyn we gyzykly tapmaçadyr. Oýnuň şertine görä, her bir san şol setirde ýa-da 3×3 kiçi öýjükde gaýtalanmaly däl. Tapmaçada bir san dikligine ýa-da keseligine iki gezek gaýtalansa, ýalňyş çözdügiň ýa-da utuldygyň bolýar. Sudokuny aňsatlaşdyrmak üçin käbir öýjüklerde san görkezilýär.
Köpler häzirki zaman sudokuny ýaponlaryň döredendigini belleýärler. Aslynda, sudoku 1979-njy ýylda amerikan tapmaça dizaýneri Howard Garns tarapyndan «San orny» ady bilen çap edildi. Bu güýmenje 1984-njy ýylda «Nikoli Co., Ltd.» ýapon neşirýat kompaniýasy tarapyndan çap edilip, köpçülige hödürleneninden soň has meşhurlyk gazandy. Ýaponlar krossword diýip aýtmakda kynçylyk çekýändikleri sebäpli gyzykly tapmaça «sudoku» diýip at berýärler. Ýaponçada «Su-doe-koo» diýlip okalýan bu söz «sanlar ýeke bolmaly» diýen manyny aňladýar.
Ýönekeýdigine garamazdan, uzak wagtlap pikirlendirýän bu tapmaça saglyk üçin peýdaly hasaplanýar. Her gün millionlarça adamyň uly höwes bilen çözýän sanly tapmaçasy beýnini işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, san yzygiderliligi bilen bagly amallary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenler ünsi gowşak adamlara sudoku çözmegi maslahat berýärler. Logiki pikirlenmäni ösdürmekde hem sudokunyň uly peýdasy bar. Jemläp aýdanyňda, öýjüklere san ýerleşdirilýän tapmaça beýni üçin iň gowy akyl maşkydyr.
PDF








