Her paslyň özüne mahsus tebigy gözelligi bar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen tebigat, şäherler, obalar özboluşly görnüşe eýe bolýar. Güýz pasly gyzyl, sary we mämişi ýapraklaryň öwüşgini bilen jadyly dünýäni emele getirýär. Syýahatçylaryň köpüsi bu pasylda sary dona bürenen owadan tebigata we şäherlere gezelenç etmäge çykýarlar. Tebigatda gezelenç etmek, sary ýaprak düşelen ýodalardan ýöräp, daş-töweregiň gözelligini synlamak her bir adamyň kalbynda ajaýyp duýgulary döredýär. Gazetimiziň şu sanynda güýz paslynda syýahat edilýän owadan ýerler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Wermont. Wermont sary dona bürenen obalary, altynsow ýapraklar bilen örtülen köprüleri we aýlawly depeleri bilen jadyly dünýäni emele getirýär. ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryndaky bu ştata barýan syýahatçylar gyzyl, mämişi we sary ýapraklar bilen örtülen üsti üçekli köprüleri şäheriň nyşany hasaplaýarlar.
Ontario. Güýz paslynda özüne çekiji ýerleriň biri-de Kanadanyň Ontario welaýaty bolup, Torontonyň golaýyndaky bu şäherde Hokli jülgesine we Kaledon depelerine syýahat edip bilersiňiz. Bulardan başga-da, Algonkin we Killarni seýilgähleri güýz paslynda mämişi-sary lybasa bürenip, tebigaty söýüjilerde täsin duýgulary döredýär.
Toskana. Italiýanyň tuskan tokaýlary bilen meşhurlyk gazanan Toskana sebitine güýz paslynda syýahat edip, Wendemmiýa däbine (üzüm hasylynyň baýramçylygy) gatnaşyp bolýar. Ekerançylyk babatda ösen bu şäherde güýz pasly ýylyň iň esasy möwsümi hasaplanýar. Italiýanyň aýlawly depeleri, üzüm meýdanlary we özüne çekiji obalary bilen tanalýan Toskana sebiti güýzde romantik peýzažy döredýär. Sebitdäki San Jiminýano we Montepulçano ýaly Orta asyr şäherlerinde aýlanyp, ýaýylyp ýatan altynsow ýaprakly üzüm meýdanlaryny synlap bolýar. Toskana güýz paslynyň asuda gözelligini synlamak üçin iň ajaýyp ýerleriň biridir.
Bawariýa. Bawariýanyň özüne çekiji peýzažlary güýz paslynda hasam gözelleşýär. Sebitiň aýlawly depeleri, Orta asyrda gurlan galalary we Alp daglarynyň etegindäki özüne çekiji reňkli obalary güýz paslynda gezelenje çykýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Ertekileri ýadyňa salýan Noýşwanştaýn galasy güýz paslynyň keşbinde sebiti örän owadan görkezýär. Bawariýa barýan syýahatçylar üsti gar bilen örtülen Alp daglaryna çykyp, gyzgylt-sary jülgelerde ýabany tebigatda dynç alyp bilýärler.
Kýoto. Ýaponiýanyň Kýoto şäheri güýz paslynda has-da gözelleşýär. Bu pasylda şähere barýan syýahatçylar özlerini jadyly dünýä düşen ýaly duýýarlar. Şäherdäki ýapon momiji agaçlary, Kiýomizu-dera we Tofuku-ji baglary gyrmyzy hem altynsow reňkleriň sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle hem güýz paslynda Kýoto şäherindäki Araşiýama bambuk tokaýlyklary özüne çekiji görnüşe eýe bolýar.
Seul. Koreýa Respublikasynyň gülläp ösýän paýtagty güýz paslynda ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Seuldaky döwrebap binalaryň, köp şahaly köçeleriň arasyndaky seýilgähleri we taryhy ýerleri güýz ajaýyplygy gurşap alýar. Şäherdäki milli däp-dessurlaryň geçirilýän ýeri bolan Kýonbokkun köşk toplumy sary ýapraklar bilen örtülýär. Güýz paslynda şähere barýan syýahatçylar koreýleriň milli lybasy bolan hanbok geýip, Namsan we Olimpiýa seýilgähindäki altynsow ýapraklaryň arasynda surata düşýärler. Seul şäherinde güýz paslyna bagyşlanyp hottok we içi maňyzly dürli görnüşli süýjülikler taýýarlanylýar.
Szýuçžaýgou jülgesi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolan Szýuçžaýgou jülgesi reňkli kölleriň, şaglawuklaryň we owadan tokaýlyklaryň jemlenen ýeridir. Hytaýyň bu jülgesi güýz paslynda hakyky sungat eserine öwrülýär. Jülgedäki düýbi görnüp duran Aýna köli we beýleki arassa suwly köller sary ýapraklar bilen bezelip, gözel görnüşi emele getirýär. Bu jülgede dünýäniň seýrek duş gelýän jandarlarynyň biri bolan pandalary hem synlap bolýar.
PDF








