Ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli birnäçe dabaralar we çäreler geçiriler. Şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti we beýleki çäreler bar.
Bu barada 11-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF








