“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini kämilleşdirmek, awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler alynyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň raýat uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, Halkara raýat awiasiýasy guramasynda (ICAO) kabul edilen halkara standartlara laýyklykda zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada 11-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli awiasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.