17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz sergä gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda: «Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek, ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly hem-de toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär. Durmuş ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze obalar, şäherler bina edilip, mähriban halkymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri üpjün edilýär. Ähli ugurlarda gazanylýan durmuş-ykdysady üstünliklerimiziň özeni halkymyzyň abadan, bagtyýar ertirini hem-de röwşen geljegini kepillendirmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. Her ýyl geçirilýän sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklary bar.
Giň gerimli serginiň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini, düýpli özgertmeleriň netijelerini, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.
Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we bezeg materiallary, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagaty pudagynda ýetilen sepgitler, ekologiýa meselelerini çözmekdäki, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, medeni we işgärler goruny ösdürmekdäki üstünlikler bilen tanyşdyryldy.
Ykdysady üstünlikleriň sergisi 19-njy sentýabrda tamamlanýar.
PDF








