Ýewropada we beýleki yklymlarda 20-nji sentýabrdan soň 10-njy oktýabra çenli milli ýygyndylaryň duşuşyklary sebäpli ligalara arakesme berler. Ýewropada UEFA Milletler Ligasynyň 4 duşuşygy geçiriler, beýleki yklymlarda-da milli toparlar ýoldaşlyk duşuşyklaryny oýnarlar. UEFA Milletler Ligasynyň duşuşyklar 24-nji sentýabr – 6-njy oktýabr aralygynda geçiriler.

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň täze bellenen tälimçisi Ýurgen Klopp toparyň düzümini mälim etdi. Tejribeli tälimçi özüniň milli ýygyndydaky ilkinji 4 duşuşygy üçin 44 futbolçyny topara çagyrdy. Klopp olaryň 22-sini Niderlandlar (24-nji sentýabr) hem-de Gresiýa (27-nji sentýabr) bilen, beýleki 22-sini bolsa Serbiýa (1-nji oktýabr) hem-de Gresiýa (4-nji oktýabr) bilen boljak duşuşyklar üçin çagyrandygyny aýtdy.

Çagyrylan oýunçylaryň arasynda 16-sy ilkinji gezek milli ýygyndynyň düzümine alyndy.  Manuel Noýeriň milli topary taşlamagyndan soň derwezäni Mark-Andre ter Ştegen gorar. Denis Undaw, Leroý Sane ýaly futbolçylary bolsa topara çagyrmady.

 

DERWEZEÇILER: Mark-Andre ter Ştegen, Aleksander Nübel, Finn Damen, Noa Atubolu, Ýonas Urbig

GORAGÇYLAR: Jonatan Ta, Dawid Raum, Niko Şlottenberk, Waldemar Anton, Maksmillian Mittelştadt, Ridle Baku, Nataniel Brawn, Malik Tşiaw, Ýoşa Wagnoman, Ýann Aurel-Bissek, Hennes Berens, Finn Ýeltş, Maks Rozenfelder, Filipp Treu

ÝARYMGORAGÇYLAR: Ýozua Kimmih, Serže Gnabri, Jamal Musiala, Florian Wirts, Aleksander Pawlowiç, Nadiem Amiri, Feliks Nmeça, Karim Adeýemi, Kris Führih, Kewin Shade, Lennart Karl, Anton Stah, Tom Bişof, Mika Baur, Mambase Konte, Said El Mala, Ýannik Engelhardt, Braýan Gruda, Witali Ýanelt, Feliks Keide, Derri Şerhant

HÜJÜMÇILER: Kai Hawerts, Nik Woltemade, Jonatan Burkardt, Ýunes Ebnutalib