Ispaniýanyň çempionatynda “Barselonanyň” şemaly belentden öwüsýär. Katalonlar myhmançylykda “Sewilýany” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýussuf Fofananyň 19-njy minutdaky goly bilen öňe geçen “Sewilýa” toparynyň derwezesinden 3 goly hem Rafinýa geçirdi. Bassyr 2-nji duşuşygynda het-trik eden braziliýaly ýyldyz oýunçy 22-nji, 52-nji hem-de 69-njy minutlarda tapawutlanyp, “La Ligadaky” gollarynyň sany 12-ä ýetirdi. “Barselona” 7 oýunda 31 gol geçirip, taryhy statistika eýe boldy.

7-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda, Madrid derbisinde “Atletiko” öz meýdançasynda “Realy” 2-1 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 52-nji minutynda “Realdan” Hýuýsen gyzyl kart aldy. 53-nji minutda penaltini dürs uran Grimaldo ýer eýelerini öňe çykardy. 59-njy minutda bolsa Jonatan Dewidiň goly bilen hasap 2-0 boldy. 89-njy minutda Rüdigeriň geçiren goly “Reala” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Bu olaryň 2-nji ýeňlişi bolup, “Real” 15 utuk bilen 4-nji orunda barýar.

Tapgyryň iň uly hasaply ýeňşini “Selta” gazanyp, wigolylar öz meýdançasynda “Rasingiň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdiler. Oýunda Duran Pablo 2 gezek tapawutlandy.

Tälimçisini çalşan “Walensiýa” Hawier Agirreniň tälimçiliginde öz meýdançasynda “Real Sosiedaddan” 3-2 hasabynda asgyn geldi (Maýol 57, Luken Beita 84 ö.d. – Suçiç 26, Soler 75 p, Barreneçea 90+1).

 

7-nji tapgyryň netijeleri:  

Espanýol – Elçe: 1-3

Osasuna – Raýo Wallekano: 1-1

Atletik – Alawes: 0-0

Selta – Rasing: 5-0

Sewilýa – Barselona: 1-3

Hetafe – Malaga: 1-0

Wilýarreal – Lewante: 3-1

Deportiwo – Betis: 1-1

Walensiýa – Real Sosiedad: 2-3

Atletiko – Real Madrid: 2-1