ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Koreýa Respublikasynyň ABŞ-daky iri energetika taslamalaryna 200 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýändigini we munuň Amerikanyň taryhynda energetika infrastrukturasyna gönükdirilen iň iri maýa goýumlaryň biri boljakdygyny mälim etdi.
Ak Tamda bu maýa goýum meýilnamasyny yglan eden ABŞ-nyň lideri Tehas ştatynda kuwwaty 6 gigawat bolan dünýäniň iň uly gaz elektrik stansiýasynyň, sekiz sany täze iri atom elektrik stansiýasynyň hem-de Alýaskada suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) daşamak üçin kuwwaty her günde, takmynan, 4 milliard kub fut bolan turbageçirijiniň guruljakdygyny aýtdy.
Tramp bu maýa goýum bukjasynyň ABŞ-nyň energetika üpjünçilik zynjyryny berkitmäge, ýurduň bu ugurda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýelemegine hem-de Koreýa Respublikasy we bütin Ýuwaş umman sebitindäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga gulluk etjekdigini belledi. Şeýle hem ol Tehasdaky gaz stansiýasynyň dünýäde şoňa çenli gurlanlaryň iň ulularynyň biri boljakdygyny we sekiz sany täze ýadro reaktorynyň ABŞ-nyň atom energiýasyny öndüriji esasy ýurt hökmündäki ornuny berkitjekdigini nygtady.
Ak Tam tarapyndan sosial ulgamlarda ýaýradylan resmi maglumatlara görä, bu maýa goýumlar müňlerçe adamyň iş bilen üpjün edilmegine we amerikan raýatlarynyň energiýa çykdajylarynyň azalmagyna ýardam berer.
Öň baglaşylan söwda ylalaşygyna laýyklykda, Koreýa Respublikasy ABŞ ykdysadyýetine jemi 350 milliard dollar maýa goýmaga borçlanyp, munuň deregine ABŞ tarapyndan ýurda girizilýän nyrhnamalar peseldilipdi. 2025-nji ýylyň iýulynda mälim edilen we Seulda ýörite kanun arkaly tassyklanan bu ägirt uly serişdeleriň 150 milliard dollary gämi gurluşyk pudagyna, galan 200 milliard dollary bolsa energetika ýaly beýleki strategik pudaklara gönükdirilýär.
PDF







