Tebigy täsinlik
Indoneziýanyň Ýawa adasyndaky Pasuruan şäherinde, Podokoýo obasynda, Gunung Bromo zolagynda ýerleşýän Bromo dagy täsin ýerleriň biri hasaplanýar. «Bromo Tengger Semeru» milli seýilgähiniň çägindäki bu işjeň wulkan dagy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 1982-nji ýylda milli seýilgäh diýlip yglan edilen «Bromo Tengger Semeru» 50 müň gektardan gowrak meýdany öz içine alýar. Ýawa adasynyň iň beýik depesi Semeru dagy (3676 metr) bolup, «Bromo Tengger Semeru» milli seýilgähiniň çäginde 4 sany köl, 50 sany derýa, şeýle hem 1919-njy ýyldan bäri goralýan «Tengger çäge deňzi» (Lautan Pasir) ýerleşýär. Wulkan külünden we çägeden emele gelen garamtyl giňişlik 5 müň 250 gektar meýdany tutýar. Bromo, Batok, Widodaren, Kursi we Watangan wulkan daglaryny öz içine alýan bu tebigy aýratynlyk başga ýerde gabat gelmeýän owadan gözelligi emele getirýär.
Beýikligi 2 müň 329 metre ýetýän Bromo wulkan dagy Tengger daglarynyň bir bölegidir. Ýerli ýaşaýjylar üçin mukaddes ýer hasaplanýan gyzgylt dag sebitiň iň gelim-gidimli ýeri hasaplanýar. Wulkan dagyna Çemoro Lawang obasyndan 45 minut pyýada ýöremek arkaly baryp bolýar. Şeýle hem ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglar arkaly hem syýahatlar amala aşyrylýar. Käte dagdaky wulkanyň işjeňligi artan ýagdaýynda «Bromo Tengger Semeru» milli seýilgähine barmak gadagan edilýär.
Üsti çürelip gidýän konus şekilli Bromo dagynda birnäçe tebigy hadysalar bolup geçýär. Şolaryň biri hem gijesine kraterden bölünip çykýan kükürt gazlarynyň ýanmagy netijesinde emele gelýän gök reňkli alawdyr. Bu täsin hadysa «gök ot» (Blue
Fire) diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, milli seýilgähiň üsti hemişe bulut bilen gaplanan ýaly görünýär. «Wulkan bulutlary» diýlip atlandyrylýan bu tebigy hadysa Bromo we Botok daglaryndaky işjeň wulkandan bölünip çykýan tüsseden emele gelýär. Ýawada ýaşaýan tengger halky dini ynançlaryna görä, ýylyň belli bir möwsüminde miweleri, tüwüdir gök önümleri, gülleri we ownuk mallary Bromo dagynyň depesine çykaryp, wulkanyň içine oklaýarlar. Dagyň eteginde we daglyk obalarda birnäçe ybadathana bar.
«Bromo Tengger Semeru» milli seýilgähinde ösümlikleriň 600-den gowrak, endemik orhideýalaryň 200-e golaý görnüşi ösýär, guşlaryň 130-a golaý, süýdemdirijileriň 22 görnüşi duş gelýär. Ýawa suguny, Ýawa alajabarsy, kümüş reňkli maýmyn, gyzyl möjek we ýaşyl tawus bu ýeriň täsin jandarlarydyr.
PDF








