Tebigy täsinlik

In­do­ne­zi­ýa­nyň Ýa­wa ada­syn­da­ky Pa­su­ru­an şä­he­rin­de, Po­do­ko­ýo oba­syn­da, Gu­nung Bro­mo zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän Bro­mo da­gy tä­sin ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. «Bro­mo Teng­ger Se­me­ru» mil­li se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­dä­ki bu iş­jeň wul­kan da­gy sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. 1982-nji ýyl­da mil­li se­ýil­gäh diý­lip yg­lan edi­len «Bro­mo Teng­ger Se­me­ru» 50 müň gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny öz içi­ne al­ýar. Ýa­wa ada­sy­nyň iň be­ýik de­pe­si Se­me­ru da­gy (3676 metr) bo­lup, «Bro­mo Teng­ger Se­me­ru» mil­li se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de 4 sa­ny köl, 50 sa­ny der­ýa, şeý­le hem 1919-njy ýyl­dan bä­ri go­ral­ýan «Teng­ger çä­ge deň­zi» (Lau­tan Pa­sir) ýer­leş­ýär. Wul­kan kü­lün­den we çä­ge­den eme­le ge­len ga­ram­tyl gi­ňiş­lik 5 müň 250 gek­tar meý­da­ny tut­ýar. Bro­mo, Ba­tok, Wi­do­da­ren, Kur­si we Wa­tan­gan wul­kan dag­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bu te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk baş­ga ýer­de ga­bat gel­me­ýän owa­dan gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär.
Be­ýik­li­gi 2 müň 329 met­re ýet­ýän Bro­mo wul­kan da­gy Teng­ger dag­la­ry­nyň bir bö­le­gi­dir. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar üçin mu­kad­des ýer ha­sap­lan­ýan gyz­gylt dag se­bi­tiň iň ge­lim-gi­dim­li ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Wul­kan da­gy­na Çe­mo­ro La­wang oba­syn­dan 45 mi­nut py­ýa­da ýö­re­mek ar­ka­ly ba­ryp bol­ýar. Şeý­le hem ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän ulag­lar ar­ka­ly hem sy­ýa­hat­lar amala aşy­ryl­ýar. Kä­te dag­da­ky wul­ka­nyň iş­jeň­li­gi ar­tan ýag­da­ýyn­da «Bro­mo Teng­ger Se­me­ru» mil­li se­ýil­gä­hi­ne bar­mak ga­da­gan edil­ýär.
Üs­ti çü­re­lip gid­ýän ko­nus şe­kil­li Bro­mo da­gyn­da bir­nä­çe te­bi­gy ha­dy­sa­lar bo­lup geç­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem gi­je­si­ne kra­ter­den bö­lü­nip çyk­ýan kü­kürt gaz­la­ry­nyň ýan­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän gök reňk­li alaw­dyr. Bu tä­sin ha­dy­sa «gök ot» (Blue
Fi­re) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, mil­li se­ýil­gä­hiň üs­ti he­mi­şe bu­lut bi­len gap­la­nan ýa­ly gö­rün­ýär. «Wul­kan bu­lut­la­ry» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu te­bi­gy ha­dy­sa Bro­mo we Bo­tok dag­la­ryn­da­ky iş­jeň wul­kan­dan bö­lü­nip çyk­ýan tüs­se­den eme­le gel­ýär. Ýa­wa­da ýa­şa­ýan teng­ger hal­ky dini ynançlaryna görä, ýy­lyň bel­li bir möw­sü­min­de mi­we­le­ri, tü­wüdir gök önüm­le­ri, gül­le­ri we ow­nuk mal­la­ry Bro­mo da­gy­nyň de­pe­si­ne çy­ka­ryp, wul­ka­nyň içi­ne ok­la­ýar­lar. Da­gyň ete­gin­de we dag­lyk oba­lar­da bir­nä­çe yba­dat­ha­na bar.
«Bro­mo Teng­ger Se­me­ru» mil­li se­ýil­gä­hin­de ösüm­lik­le­riň 600-den gow­rak, en­de­mik or­hi­de­ýa­la­ryň 200-e go­laý gör­nü­şi ös­ýär, guş­la­ryň 130-a go­laý, süý­dem­di­ri­ji­le­riň 22 gör­nü­şi duş gel­ýär. Ýa­wa su­gu­ny, Ýa­wa ala­ja­bar­sy, kü­müş reňk­li maý­myn, gy­zyl mö­jek we ýa­şyl ta­wus bu ýe­riň tä­sin jan­dar­la­ry­dyr.