Ýygy-ýygydan syýahat etmegiň we dürli ýurtlara aýlanmagyň iň gowy tarapy şol ýurduň özboluşly tagamlaryny dadyp görmekdir. Esasan hem, her ýurda mahsus süýjülikleri we desertleri dadyp görmek has lezzetli bolýar. Soňky ýyllarda gastronomik syýahat syýahatçylyk ugurlarynyň iň meşhuryna öwrüldi. Häzirki wagtda bir tagamy, deserti ýa-da süýjüligi iýmek üçin birnäçe kilometre çenli ýol geçip, başga ýurtlara barýanlaryň sany ep-esli artdy. Gazetimiziň şu sanynda her ýurda mahsus meşhur desertler we süýjülikler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Moçi, Ýaponiýa. Ýaponlaryň meşhur deserti bolan moçi tüwüden taýýarlanylýar. Ownuk däneli tüwi 8-12 sagatlap suwda goýulýar. Soňra suwa çişen tüwi 30-45 minutlap buglanyp bişirilýär we agaç çekiç ýa-da ýörite enjam arkaly hamyr bolýança ýenjilýär. Taýýar bolan tüwi hamyryna ýeralma ýa-da mekgejöwen krahmaly sepilip, haýal otda goýy hala gelýänçä 1-2 minut garyşdyrylýar. Soňra dürli şekilli böleklere bölüp, içine gyzyl noýba ezmesi, miwe ýa-da süýji iýmitler salnyp dolanýar. Ýaponiýada bu süýjülik, esasan, moçitsuki atly dabarada taýýarlanylýar.
Ýapyşýan irisli puding (Sticky toffee pudding), Angliýa. Süýji hurmalary ownuk dograp, gaýnag suwda ýumşatmaly. Soňra un, ýag, şeker we ýumurtga goşup, hamyr taýýarlamaly. Hamyrdan dürli şekilleri ýasap, howurpeçde üsti güberçekli keksleri bişirmeli. Keksleriň üstüne iris (goňur şekerden taýýarlanan ýagly iris) guýmaly. Iňlisleriň bu süýjüligi togalak wanil doňdurmasy ýa-da puding bilen bilelikde hödür edilýär.
Çurros, Ispaniýa. Ispanlar ertirlik naharynda çurros iýmegi halaýarlar. Ýagda gyzardylyp gowrulýan uzyn hamyr taýajyklary gyzgyn wagty dalçynly şeker külkesine bulanýar. Daşy kibirdewük, içi ýumşak hamyr taýajyklary kofe ýa-da gyzgyn şokolad bilen bilelikde iýilýär.
Paştel-de-nata, Portugaliýa. Portugallaryň iň meşhur deserti bolan we Ortaýer deňziniň kenarlarynda durmuşyň süýji täsirini döredýän nata kiçijik çukur gaba gatlanan hamyr ýazylyp, içine süýt, şekerli limon şerbeti, un we ýumurtganyň sarysy goşulyp taýýarlanan krem guýulýar. 245-290°C gyzgynlykda 8-12 minut howurpeçde saklanandan soň, taýýar bolan gyzgylt süýjüligiň üstüne dalçyn we şeker külkesi sepilýär. Gatlanan hamyrly bu süýjülige dünýäde uly isleg bildirilýär.
Krem-brýule, Fransiýa. Fransuz dilinden terjime edilende «ýakylan gaýmak» diýen manyny berýän bu desert gaýmakdan, ýumurtganyň sarysyndan we karamelleşdirilen şekerden taýýarlanylýar. Ýüzi ýukajyk karamel gatlakly bu desert çemçe bilen urlanda şyrkyldap döwülýär. Sowuklygyna iýilýän krem-brýuleniň näzik tagamy bar. Süýjüligi taýýarlamak üçin keramik gaplar, ýokary gyzgynlykdaky peç we ýörite otly gural (gorelka) gerek bolýar.
Tiramisu, Italiýa. Makaron we pizzadan soň, Italiýanyň iň meşhur tagamlarynyň biri hem tiramisudyr. Deserti taýýarlamak üçin ilki bilen ladyfinger kökeleri kofe batyrylyp goýulýar. Soňra ezilen kökeleriň arasyna maskarpone peýniri, ýumurtganyň sarysy we şeker goşulyp taýýarlanan goýy krem çalynýar. Gatlak-gatlak edilip ýerleşdirilýän süýjüligiň arasyna malina ýa-da ýertudana hem goýulýar. 4 sagat töweregi sowadyjyda saklanan nusgawy italýan süýjüliginiň üstüne kakao külkesi sepilip, hödür edilýär.
Bugatsa, Gresiýa. Grek deserti Saloniki sebitinde iki görnüşde – duzly we süýji görnüşde taýýarlanylýar. Iki görnüşi hem örän meşhur bolan bu süýjüligi taýýarlamak üçin ýukajyk ýaýylan hamyr, mesge, süýt, manna ýarmasy, şeker, ýumurtga, wanil we şeker külkesi gerek. Ýukajyk hamyryň arasyna krem çalnyp, togalanandan soň, dörtburç böleklere kesilýär we howurpeje goýulýar. Ýüzi kibirdewük görnüşe gelenden soň, üstüne şeker külkesi sepilip, hödür edilýär.
Garaş torty, Bolgariýa. Bolgarlaryň iň meşhur süýjüligi bolan garaş torty şokolad halaýanlaryň uly isleg bildirýän desertleriniň biridir. Garaş torty hoz bilen ýumurtganyň agyndan taýýarlanan hamyra meňzeş 5 sany ýuka gatlagyň arasyna şokolad örtügi çalnyp taýýarlanylýar. Un goşulmazdan taýýarlanýan bu süýjülik 1885-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr. Ilkibaşda dabaraly kabul edişliklerde hödür edilen bu desert häzirki wagtda Bolgariýanyň nusgawy önümleriniň birine öwrüldi.
Gara tokaý torty (Schwarzwälder Kirschtorte), Germaniýa. 1930-njy ýyldan bäri Germaniýada halanyp iýilýän süýjülikleriň biri bolan gara tokaý torty şokoladly biskwit gatlaklaryň arasyna çigidi aýrylan üljeler, gaýmak we çereşnýa şerbeti çalnyp taýýarlanylýar. Desertiň daşyna gara şokolad bölejikleri ýelmeşdirilip, üstüne ak krem we ter üljeler goýulýar. Daşyndan tokaýa meňzeýän bu süýjülik gyş paslynda has köp iýilýär.
Baklawa, Türkiýe. Türkleriň dünýä belli süýjüligi bolan baklawa ýukajyk ýaýylan hamyryň arasyna owradylan pisse sepilip, ýag çalyp dolamak arkaly taýýarlanýar. Dörtburç görnüşde kesilen bölekleriň üstüne eredilen mesge guýlup, 1 sagatlap howurpeçde altynsow-goňur reňke öwrülýänçä bişirilýär. Gyzgyn baklawanyň üstüne limon turşusy sykylan şekerli suw guýlup, soňra hödür edilýär. Ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu süýjülik ýörite dükanlarda hem satylýar.
PDF








