Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam ki­çi­jik şä­her­ler­de ama­la aşy­ryl­ýan bir gün­lük sy­ýa­ha­ty gol­da­ýar. Köp ýurda sy­ýa­hat eden ja­han­keş­de­ler bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­len­je gi­de­ni­ni kem gör­me­ýärler. Ki­çi­jik şä­her­le­ri ula­ga mün­mez­den ýa-da myh­man­ha­na­da gal­maz­dan, Gün bat­ýan­ça aý­la­nyp bol­ýar. Ge­liň, Ýewro­pa­nyň bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan şä­her­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Os­lo. Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri we me­de­ni baý­lyk­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Munç mu­ze­ýi we Wi­king gä­mi mu­ze­ýi şä­he­riň me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek is­le­ýän­ler üçin iň esa­sy ýer­ler­dir. 454 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny bo­lan bu şä­her­de daş-tö­we­re­gi to­ka­ýa bü­re­nen bir­nä­çe myh­man­ha­na we se­ýil­gäh­ler bar. Byg­doý ýa­rym ada­sy ge­ze­lenç et­mek üçin şä­he­riň iň owa­dan ýe­ri ha­sap­lan­ýar.
Brýug­ge. Ýew­ro­pa­nyň iň ro­man­tik şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Brýug­ge got döw­rün­de gur­lan bi­na­la­ry, ka­nal­la­ryň bo­ýun­dan uza­lyp gid­ýän özü­ne çe­ki­ji kö­çe­le­ri we Gro­te Markt meý­dan­ça­sy bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­leri gal­dyr­ýar. 141 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Bel­gi­ýa­nyň bu owa­dan şä­he­rin­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­le­ri gu­rap, bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ýa­kyn­dan tan­şyp bol­ýar.
Dub­row­nik. Hor­wa­ti­ýa­nyň bu şä­he­ri er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len Or­ta asyr şä­her­le­ri­ne sy­ýa­ha­ta alyp gid­ýär. Şä­he­riň esa­sy gi­rel­ge­si bo­lan Pi­le der­we­ze­sin­den baş­lan­ýan ge­ze­lenç Lu­za meý­dan­ça­sy­na çen­li do­wam ed­ýär. 142,6 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan bu şä­her­de de­ňiz ke­na­ryn­da­ky açyk res­to­ran­lar­da me­de­ni­ýet­li dynç alyp, şä­he­riň ra­hat­ly­gy­ny du­ýup bol­ýar.
Se­go­wi­ýa. Mad­rid­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da ýer­leş­ýän Se­go­wi­ýa er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan tä­sin gur­lu­şa eýe­dir. Se­go­wi­ýa­nyň aja­ýyp suw aka­ba­sy, Al­ka­sar ga­la­sy şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­dir. 163 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän asu­da şä­he­r ta­ry­hy ýer­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy ýerleriň bi­ri­dir.
Wiln­ýus. Lit­wa­nyň paý­tag­ty Ýew­ro­pa­nyň got, ba­rok we gal­ky­nyş döw­rün­dä­ki bi­na­la­ry bi­len myh­man­la­ry özü­ne çek­ýär. 401 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu şä­he­riň ta­ry­hy mer­ke­zi ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir. Wiln­ýus ýa­dy­gär­li­gi, Ge­di­mi­nas di­ňi şä­he­riň ta­ry­hy bi­len ta­nyş­mak is­le­ýän­ler üçin iň go­wy ýer­ler­dir.
Gýo­te­borg. Şwe­si­ýa­nyň özü­ne çe­ki­ji bu şä­he­ri ta­ry­hy bi­na­la­ry we me­de­ni baý­ram­çy­lyk­la­ry bi­len köp­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ro­da Sten sun­gat mer­ke­zi şä­he­riň iň köp myh­man­ly ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, bu ýer­de aý­dym-saz fes­ti­wal­la­ry ge­çi­ril­ýär. 447,88 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu şä­he­re to­mus aý­la­ryn­da has köp sy­ýa­hat­çy bar­ýar.

Rot­ter­dam. Ni­der­land­la­ryň hä­zir­ki za­man ýü­zi ha­sap­lan­ýan Rot­ter­dam öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 319,35 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny bo­lan bu şä­her­de der­ýa­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­le­ri gu­rap, owa­dan te­bi­gat­da dynç alyp bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Rot­ter­dam­da we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­le­ri gu­rap, hä­zir­ki za­man çe­per­çi­lik ga­le­re­ýa­la­ryn­da­ky sun­gat eser­le­ri bi­len tan­şyp bol­ýar.

Rotterdamda dünýäniň iň uzyn portlarynyň biri ýerleşýär.