Alymlar haýsy ýaşda dil öwrenmegiň has aňsat bolýandygy bilen bagly geçiren barlaglarynda çagalaryň dil öwrenmek aýratynlyklaryny ýüze çykardylar. Bellenilişine görä, dil öwrenmekde uly adamlar bilen çagalaryň arasynda beýnisiniň ösüşi hem-de öwreniş usullary bilen bagly düýpli tapawutlar bar. Daşary ýurt dilini öwrenmek çaganyň diňe söz baýlygyny artdyrman, eýsem, beýnisiniň gurluşyny we pikirlenişini hem üýtgedýär.
Alymlar ýaş çagalaryň dil öwrenmän, göni alýandygyny belleýärler. Başgaça aýdylanda, çagalar başga dildäki sözleri we düzgünleri ýatda saklamaýarlar, olar daş-töweregini diňleýärler, düşünmezden ozal düşünip başlaýarlar. Bu ýagdaý çagalykda beýnide neýron baglanyşygynyň çalt döremegi bilen baglydyr. Bu döwürde beýni her bir täze sesi ýa-da sözi magnit ýaly özüne çekip alýar.
Londonda iki dilli mekdebe çenli çagalar bagynda geçirilen barlaglarda çagalaryň ýalňyşmazdan bir dilden beýleki dile geçip bilýändigi, ýagny sözleri dürs aýdyp, dogry sözlem düzüp bilýändigi ýüze çykaryldy. Hünärmenler muny «tebigy usulda öwrenmek» diýip atlandyrdylar. Ýagny çagalar başga dili bilmezden, tebigy ýagdaýda öwrenýärler.
Get uniwersitetiniň professory Eleonora Smalle çagalaryň daşary ýurt dilini 12 ýaşa çenli has çalt öwrenýändigini, ýetginjeklik döwründe dil öwrenişiň tizliginiň haýallap başlaýandygyny belleýär. 12 ýaşdan soňra ýetginjeklerde «aňly öwreniş» ulgamy işjeňleşip başlaýar. Bu döwürde çagalar başga dili bilmezden däl-de, manysyna düşünip öwrenýärler.
Uly ýaşly adamlar täze dil öwrenenlerinde köplenç terjime ýalňyşlyklaryna we dildäki kadalaryň bulaşmagyna sebäp bolup biljek ene diliniň nusgalaryna bil baglaýarlar. Şeýlelikde, sözleri ýatda saklamakda ýa-da sözlem düzmekde kynçylyk çekýärler. Emma çagalar täze sözleri öwrenenlerinde ony öz gepleşigine ornaşdyryp, hemişelik ýatda saklaýarlar.
Hünärmenler çagalaryň 3 ýaşyndan soň daşary ýurt dili bilen tanşyp biljekdigini, 6-10 ýaş aralygy başga dilde erkin geplemegiň we öwrenmegiň wagtydygyny belleýärler. Bu ýaşda çagalar diňe sözleri öwrenmek bilen çäklenmän, sözlere basymy dogry goýmagy we sözlemi dogry äheňde aýtmagy başarýarlar. Şeýle hem şol dildäki gepleýiş äheňine öýkünýärler.
Geçirilen başga bir barlaglarda iki we ondan köp dil bilýän çagalaryň has akylly hem-de ugurtapyjy bolýandygy ýüze çykaryldy. Munuň sebäbi beýniniň ösüşi we öwrenilen diliň medeniýeti bilen düşündirilýär. Çikago uniwersitetiniň geçiren barlaglaryna görä, köp dil bilýän çagalar deň-duşlarynyň emosional ýagdaýyna we özüni alyp barşyna has takyk baha berip bilýärler. Çagalaryň täze dil öwrenmegi diňe aragatnaşygy berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, duýgudaşlygy hem güýçlendirýär.
PDF








