Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasat alnyp barylýar.

23-nji okt­ýabr­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek, stan­dart­laş­dy­ryş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň, hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak we oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da, we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ýa­ly me­se­le­ler bar.
Mejlisde habar berlişi ýaly, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýy­lyň no­ýabr aýy da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len wa­ka­la­ra baý­ bolar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk, se­na­gat, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we mas­la­ha­ty ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da, şeý­le hem Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na de­giş­li dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän eks­port ugur­ly önüm­ler Pol­şa Res­pub­li­ka­sy­nyň Žguw şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek «Fast Texti­le 2026» at­ly hal­ka­ra ser­gi­de ta­nyş­dy­ry­lar. Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly V hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly ge­çi­ri­ler.
Mun­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän «Hal­ka­ra zäh­met stan­dart­la­ry­ny we dur­nuk­ly ösü­şi öňe sür­mek­de kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň or­ny» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ta hem-de Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň se­bi­ta­ra fo­ru­my­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, şeý­le hem umu­my uzyn­ly­gy 546 ki­lo­metr bo­lan Aş­ga­bat – Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ony gur­mak, onuň ug­run­da umu­my uzyn­ly­gy 812 metr bo­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek, ony gur­mak, köp­rü­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­ra­da şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar ber­ýän Ka­rar­la­ra gol çek­di.
Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re se­re­dil­di we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Şeý­le-de geçen hepdede gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 60 müň ton­na se­na­gat pag­ta çi­gi­di­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän ösüm­lik ýag kär­ha­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da Ka­rar bar.
Umu­man, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz ösü­şleriň ýoly bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýar. Ýur­dumy­zyň asu­da dur­mu­şy, her gü­ni aja­ýyp iş­le­re bes­len­ýär. Bu gün be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan Diýary­myz hem­me­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­re, öz­ge­riş­le­re bes­len­ýär. Şol ge­çi­len men­zi­liň her ädi­mi­niň ýur­duň, hal­kyň yk­ba­ly­ny kes­git­le­ýän öz­gert­me­ler­den, şan­ly wa­ka­lar­dan, bi­ti­ril­ýän ägirt uly iş­ler­den do­lu­dy­gy­na ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­mek bol­ýar. Ýe­ti­len be­lent sep­git­ler, tu­tu­lan mak­sat­lar Wa­ta­nyň, hal­kyň yk­ba­ly­ny beý­gel­dip barýar. Saz­la­şyk­ly ös­ýän türk­men döw­le­tin­de, ro­waç­ly­ga bes­le­nen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pudak­la­ryn­da ösü­şiň bat­ly dep­gin­le­ri­ni äş­gär gör­mek bol­ýar.