1-nji noýabrda Bolgariýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň deslapky netijelerine görä, häzirki wagtda Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Iliýana Ýotowa ýeňiş gazandy. Bu barada “Alpha Research” we “Mýara” ýaly sosiologik gulluklaryň geçiren parallel ses hasaplamalarynyň hem-de ekzit-pollaryň maglumatlaryna salgylanyp, Bolgariýanyň milli telewideniýesi habar berýär. Şunlukda, ol Bolgariýanyň taryhynda bu ýokary döwlet wezipesine saýlanan ilkinji zenan boldy. Wise-prezident wezipesini bolsa Bolgar telegraf agentliginiň direktory Kiril Wylçew eýelär.

Geçirilen parallel ses hasaplamalarynyň maglumatlaryna görä, Iliýana Ýotowa saýlawçylaryň, takmynan, 58 göteriminiň sesini aldy. Onuň esasy bäsdeşi – Hökümetiň öňki wagtlaýyn başlygy Andreý Gýurow saýlawçylaryň 38,6 göteriminiň sesini toplady. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin sesleriň ýönekeý köplügi ýeterlik bolup durýar. Şeýle hem ekzit-pol gözlegleriniň ilkinji netijeleri Ýotowanyň saýlawlarda ynamly öňde barýandygyny tassyklaýar. Saýlawlaryň resmi netijeleri Ýokary saýlaw komissiýasy tarapyndan ýakyn wagtda yglan ediler.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynda Bolgariýanyň Konstitusion kazyýeti Rumen Radewiň döwlet Baştutany wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny tassyklady we Esasy Kanuna laýyklykda, wise-prezident Iliýana Ýotowa Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde bellenildi. Radew bolsa parlamente geçiriljek saýlawlara gatnaşmak maksady bilen wezipesinden çekilipdi. Şu gezekki saýlawlar aprel aýynda parlamentde 240 orundan 131-sini eýeläp, absolýut köplügi gazanan Premýer-ministr Rumen Radewiň «Progressiw Bolgariýa» partiýasy üçin hem uly synaga öwrüldi.

Saýlaw güni žurnalistleriň öňünde beýanat bilen çykyş eden Iliýana Ýotowa öz sesini özbaşdak karar kabul edýän Bolgariýa üçin berendigini belledi. Şeýle hem ol içki gepleşikler arkaly milli ylalaşygy üpjün etmäge we kuwwatly Ýewropada öz daşary syýasatyny ýöredýän güýçli döwleti berkitmäge çagyrdy. Ýotowanyň baştutanlygynda ýurduň Ýewropa ugruny saklamak bilen bir hatarda, sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen syýasatyň dowam etdirilmegine garaşylýar.