Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” öz meýdançasynda “Alawese” nebsi agyrmady. 6-1 hasabynda garşydaşyny derbi-dagyn eden katalonlaryň gollarynyň 2-sini Rafinýa (8, 41), 2-sini Ýamal (45+1, 64), beýlekileri bolsa Fermin Lopes (23) bilen Antoni Gordon (81) geçirdi.

Madridiň “Atletikosy” myhmançylykda “Lewanteni” Grimaldonyň 36-njy hem-de Simeoneniň 62-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy. “Atletikonyň” tälimçisi Diego Simeone “La Ligada” iň köp ýeňiş gazanan tälimçi rekordyna şärik boldy. 344-nji ýeňşini gazanan argentinaly hünärmen ispaniýaly Luis Aragones bilen deňleşdi.

Madridiň “Realyna” hem myhmançylykda “Rasingi” ýeňmek kyn düşmedi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Realyň” gollaryny 1-nji ýarymda Mbappe (11 p), Bellingam (21) hem-de Diomande (36) geçirdi.

“Betisden” 2-1 hasabynda asgyn gelen “Malaga” 11-nji tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi.

 

Wilýarreal – Espanýol: 0-1 (Kabrera 60),

Lewante – Atletiko: 0-2 (Grimaldo 36, Simeone 62),

Raýo Wallekano- Selta: 3-0 (De Frutos 36, 55, Unaý Lopes 73),

Betis – Malaga: 2-1 (Bartra 38, Fornals 45+2 – Ninio 68),

Barselona – Alawes: 6-1 (Rafinýa 8, 41, F. Lopes 23, Ýamal 45+1, 64, Gordon 81 – Dias 84),

Hetafe – Sewilýa: 3-1 (Ünal 68, Satriano 73, Mangalýa 90+4 – Salas 19),

Rasing – Real Madrid: 0-3 (Mbappe 11 p, Bellingam 21, Diomande 36),

Elçe – Walensiýa: 0-1 (Sadik 69),

Atletik – Real Sosiedad: 2-1 (Iniaki Williams 14, Berenger 45+2 p – Suçiç 30),

Deportiwo – Osasuna (şu gije)