«Berkshire Hathaway Travel Protection» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, Kanadanyň Monreal şäheri 2027-nji ýyl üçin dünýäde syýahat etmek üçin iň howpsuz şäher diýlip yglan edildi. Geçen ýyldaky görkezijisinden 16 basgançak ýokary galyp, 82,18 bal toplap sanawyň birinji ornuny eýelän bu şäher jenaýatçylygyň we hukuk bozmalarynyň pes derejesi bilen tapawutlandy. Barlagy geçiren hünärmenleriň bellemegine görä, Monreala barýan syýahatçylaryň diňe ýollardaky ulag bökdençliklerine we köprülerdäki gurluşyk-abatlaýyş işlerine üns bermekleri maslahat berilýär.
Hünärmenler tarapyndan düzülen sanawa Ýewropa yklymyndan 9 sany şäher girdi. Şunda Şweýsariýanyň Sýurih şäheri 81,03 bal bilen ikinji, Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam bolsa 80,81 bal bilen üçünji orny eýeledi. Barlagda Sýurih özüniň arassa hem-de howpsuz jemgyýetçilik ulaglary we ýokary derejeli durnuklylygy bilen tapawutlanan bolsa, Amsterdam şäheri syýahatçylaryň köp gelýändigine garamazdan, howpsuzlygy ýokary derejede saklaýanlygy sebäpli ýokary baha aldy.
Sanawda dördünji orunda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio ýerleşen bolsa, geçen ýyl birinji bolan Islandiýanyň paýtagty Reýkýawik şäheri 78,90 bal bilen bäşinji orna düşdi. Şäheriň çäkli meýdany eýeleýändigi hem-de howpsuzlyk taýdan alada döredýän künjekleriniň bolmazlygy Reýkýawigiň ýokary görkezijä eýe bolmagyny üpjün etdi.
Dünýäniň iň howpsuz şäherleriniň ilkinji 15-ligine şeýle hem Norwegiýanyň paýtagty Oslo (6-njy orun), Singapur (7-nji orun), Italiýanyň Wenesiýa şäheri (8-nji orun), Awstraliýanyň Sidneý şäheri (9-njy orun), ABŞ-nyň Gawaý ştatynyň Honolulu şäheri (10-njy orun), Irlandiýanyň paýtagty Dublin (11-nji orun), Daniýanyň paýtagty Kopengagen (12-nji orun), Ispaniýanyň Barselona şäheri (13-nji orun), ABŞ-nyň San-Fransisko şäheri (14-nji orun) we Fransiýanyň paýtagty Pariž (15-nji orun) ýerleşdirildi.
Bu reýting 38 sany meşhur halkara we içerki ugurlar boýunça syýahat eden 1500-den gowrak amerikan syýahatçylarynyň arasynda geçirilen sorag-jogaplaryň, şeýle hem «Numbeo», «The Economist» we «GeoSure Global» edaralarynyň görkezijileriniň toplumlaýyn derňelmegi netijesinde taýýarlandy. Hünärmenler bu sanawyň diňe 2026-njy ýylyň awgust aýyndaky maglumatlara esaslanýandygyny nygtadylar.
Sanawa jemi 15 şäher girizilipdir.