Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) howanyň üýtgemeginiň adamlaryň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek maksady bilen, hökümetleriň ýerine ýetirmeli alty sany esasy çäresini yglan etdi. Täze ýaýradylan ýörite hasabata görä, bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi ýylda 1,6 million adamyň ömrüni halas etmäge we ykdysadyýete ägirt uly peýda getirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäde takmynan 3,6 milliard adamyň howanyň üýtgemegine we şonuň bilen bagly saglyk töwekgelçiliklerine iňňän duýgur sebitlerde ýaşaýandygy aýdylýar. BSGG tarapyndan hödürlenýän alty sany esasy çäre adamlaryň saglygyna howp salýan ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdirilendir. Olara aşakdakylar girýär:
Ýokary temperaturalar barada öňünden duýduryş bermek we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek;
Howa şertlerine durnukly agyz suwy üpjünçiligini ýola goýmak;
Düýpli sanitariýa şertlerini döretmek;
Gigiýena serişdelerini we el ýuwmak üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek;
Öý hojalygynda nahar bişirmek we öýleri ýylatmak üçin has arassa ýangyç görnüşlerini hem-de tehnologiýalary ulanmak;
Gazylyp alynýan ýangyçlar üçin has netijeli nyrh syýasatyny ýöretmek.
Hünärmenleriň hasabatyna görä, gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwürmek dowamly keselleriň hem-de ýol-ulag heläkçilikleriniň öňüni alyp, ýylda bir milliondan gowrak adamyň ömrüni halas etmäge we býujete trillionlarça dollar peýda getirmäge mümkinçilik berýär. BSGG-niň çaklamalaryna görä, agzalan alty çäräniň gazylyp alynýan ýangyçlardan galan bäşisine sarp edilen her 1 dollar maýa goýumy ortaça 24,8 dollar ykdysady peýda getirýär. Bu girdejiniň pes we orta girdejili ýurtlarda has-da ýokary bolmagyna garaşylýar.
PDF








