Hytaýyň gümrük gullugynyň soňky maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji dokuz aýynda Hytaý bilen Afrikanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% artmak bilen, 312,11 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine we Afrika önümleriniň hytaýly sarp edijiler üçin elýeterliliginiň ýokarlanmagyna gümrük paçlarynyň doly ýatyrylmagy hem-de ulag-logistika infrastrukturasynyň giňeldilmegi uly itergi berdi.
Şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Hytaý tarapy diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 Afrika ýurdy üçin ähli haryt toparlary boýunça nol derejesine düşürilen gümrük paçlary syýasatyny girizdi. Bu çäräniň netijesinde maý-sentýabr aýlary aralygynda Hytaýyň Afrikadan import eden ýer hozunyň bahasy 4,4 esse, doňdurylan klubnikanyňky 113%, awokadonyňky bolsa 82% ýokarlandy. Şeýlelikde, Hytaý Müsüriň doňdurylan klubnikasy üçin iň iri eksport bazaryna öwrüldi, Günorta Afrikanyň pekan hozunyň eksportynyň 90 göterimi bolsa Hytaýa iberildi.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň Günbatar Aziýa we Afrika departamentiniň direktory Liu Ýun Afrika önümleriniň Hytaýyň içerki bazaryndaky harytlaryň görnüşlerini köpeltmäge uly goşant goşýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda Hytaýyň künji importynyň 70 göterimi we kofe importynyň 40 göterimi Afrikanyň paýyna düşýär. Mundan başga-da, Afrika greýpfrutlary, almalary we beýleki miweleri möwsümden daşary döwürde içerki bazaryň täze miwelere bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam edýär.
Haryt dolanyşygynyň ösmegi ulag-logistika ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen utgaşýar. Hytaýyň Hubeý welaýatyndaky Eçžou şäheri bilen Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebanyň arasyndaky howa ýük gatnawlary boýunça ýükleriň möçberi 2 esse artyp, 36 müň tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Ýantaý porty bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky deňiz ugry boýunça ýük daşalyşy 93% artyp, 8 million tonnadan geçdi we rekord görkezijä ýetdi.
PDF








