Perunyň Mukaddes jülgesinde 365 metr belentlikde ýerleşýän «Skylodge» kapsula myhmanhanasy syýahatçylara üýtgeşik gije geçirmegi hödürleýär. Otaglara 2 sagat dyrmaşyp çykylýar, yza dönmek üçin bolsa polat arkan arkaly aşak inilmeli. Agşamlyk naharyny öz içine alýan gijelik galyş adam başyna 480 dollara (1640 sol) düşýär. Rahatlygy halaýanlar üçin dag eteginde alternatiw kapsulalar bar.
PDF








