Ýewropa ligasynda beýleki 2 ýarym finalçy hem belli bolup, “Şahtýor Donesk” bilen kubogy iň köp eýelän “Sewilýa” ýaryşy dowam etdirer. Olaryň birinjisi Şweýsariýanyň “Bazel” toparyndan 4-1 üstün çykdy. Her ýarymda 2 gol geçiren ukrain klubunyň gollaryny 2-nji minutda Moraes, 22-nji minutda Taýson, 75-nji minutda penaltiden Patrik hem-de 88-nji minutda Dodo derwezä girizdi. “Bazeliň” ýeke-täk goluny bolsa, 90+2-nji minutda Wan Wolfswinkel öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, doneskliler 4 ýyldan soň, ýene bir ýola Ýewropa ligasynda ýarym finala çykdy. Olar 17-nji awgustda oýnaljak ýarym final duşuşygynda “Inter” bilen güýç synanyşarlar.

Germaniýanyň Duisburg şäherinde oýnalan beýleki çärýek final duşuşygynda “Sewilýa” Angliýanyň “Wulwerhempton” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Ispan toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 88-nji minutda Lukas Okampos kelle urgusy bilen derwezä girizdi. Oýnuň 13-nji minutynda “Wulwerhemptonyň” meksikaly hüjümçisi Raul Himenez 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. 6-njy gezek ýarym finala ýollanma alan “Sewilýa” 16-njy awgustda “Mançester Ýunaýted” bilen finala çykmak ugrunda duşuşar.